Gagauz şirketi däri-dermanlaryň nobatdaky tapgyryny Türkmenistana ýollady

Gagauz şirketi däri-dermanlaryň nobatdaky tapgyryny Türkmenistana ýollady

Gagauzystanyň şirketi Türkmenistana uly möçberde däri-dermanlar ýollady. Bu barada Gagauzinfo.MD täzelikler portaly derman öndürýän VitaPharm şirketiniň başlygy Sergey Kroýtara salgylanyp habar berdi.

Onuň sözlerine görä, bu Gagauzystandan Türkmenistana iberilen däri-dermanlaryň üçünji tapgyry.

“Däri-dermanlaryň ilkinji tapgyryna taýýarlyklar uzaga çekdi.Biziň dermanlary Türkmenistanda resmi taýdan hasaba aldyrmaga zerur we rugsat berýän resminamalary taýýarlamagymyza sekiz aý gitdi we ilkinji tapgyry 2017-nji ýylda, ikinji tapgyry 2018-nji ýylda iberdik. Geçen mart aýynyň ahyrlarynda bolsa, üçünji tapgyry yolladyk.

Başlangyç kyn boldy we indi Türkmenistan biziň möhüm partniýorymyz” diýip ol sözüne goşýar.

Ýatlap geçsek, 2017-nji ýylyň tomsunda Gagauzystanyň baştutany Irina Wlah bilen Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Aşgabatda Türkmenistana şerap, ýag we däri-derman bermek barada ylalaşyga gelipdi.

2016-njy ýylyň baharynda VitaPharmiň başlygy Sergey Kroýtaryň habar bermegine görä, onuň şirketi tiz wagtda Türkmenistana däri-dermanlar ýollar.

Onuň ilkinji tapgyrynyň 50 müň dollara deňdigi aýdylypdy.The post Gagauz şirketi däri-dermanlaryň nobatdaky tapgyryny Türkmenistana ýollady first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Gagauz Awtonom zolagynyň başlygyny kabul etdi
Sandu birinji tapgyrda öňdeligi eýeledi
Sandu öňde barýar
Moldowada 11 dalaşgär hasaba alyndy
31.10.2017 | Daşary ýurt liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar
Prezident Erdogan Irina Wlahy kabul etdi
Türkmenistanyň we Gagauziýanyň arasyndaky senagat hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy