Gadymyýetden gözbaş alan nepislik

Gadymyýetden gözbaş alan nepislik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda ýurdumyzyň zergärleriniň arasynda Gadymyýetden gözbaş alan nepislik atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçmiş taryhymyz, milli ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, sungatdyr senetlerimiz düýpli öwrenilip dikeldilip başlandy.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymy sungatlaryny täzeden dikeldip, ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döretdi.Türkmeniň zergärçilik sungaty gadymy döwürlerden bäri halkymyzy bütin dünýä meşhur eden asyl sungatlaryň biridir.Türkmenlerde Ata kesbi ogla halal diýip ýöne ýere aýdylmaýar.

Sebäbi päkligiň, halallygyň nyşany bolan bu sungat asyrlarboýy atadan ogla geçip, biziň şu günlermize gelip ýetipdir.Zähmetsöýer türkmen halkynyň zehinli şahyrana köňli, gözellik duýgusy esasan amaly-haşam sungatynda, ýagny zergärçilik senedinde has aýdyň ýüze çykýar.

Türkmen zergärleriniň işleri bütin dünýäde şöhratlanýar.Zergärçilik işleriniň bezeliş aýratynlyklarynyň, nagşynyň, ýasalyşynyň kämilligi şeýle bir ýokary, hatda, olar müňýyllyklaryň dowamynda-da, öz gymmatyny ýitirmän gelýär.

Türkmen zergärçilik sungatynyň milli aýratynlygyny we taryhy-medeni ähmiýetini öwrenmek, nusgawy hem-de kämil eserleri döredip bilýän ýaş zergärleriň döredijilik ukybyny, başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň zergärleriniň arasynda geçirilen Gadymyýetden gözbaş alan nepislik atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi we onuň çäginde sergi gurnaldy.

Bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň, Aşgabat şäheriniň suratkeşler birleşiginiň, Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de mekdep okuwçylarynyň, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň hünärmenleri gatnaşdylar. Şeýle hem welaýatlardan bäsleşige gatnaşan birnäçe ussat zergärleriň sungat eserleri, zenan bezeg şaýlary, at şaý bezegleri, zergärçilik eserleri bäsleşige hödürlendi.

Hödürlenilen zergärçilik eserlerinde milli öwüşginli şaý-seplerimiziň naýbaşy nusgalarynyň ýasalyş usullarynyň we tärleriniň ulanylyşy, ýerine ýetirilişi boýunça bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijiler yglan edildi.Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler birinji, ikinji, üçünji orunlar bilen kesgitlenip, olar Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň diplomlary we sowgatlary bilen sylaglandy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi maddy däl medeni miras müdirliginiň guramagynda Zergärçilik sungaty halkymyzyň gözellik zynaty atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.Maslahata welaýat işgärleri hem gatnaşyp, olar wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdiler.

Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Çaryýewa, Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň kiçi ylmy işgäri Gülsona Berdiýewa, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, zergär Möwlamberdi Annaýew, Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Gülşirin Oraztaganowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni Laçyn Nurmedowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Bahar Magtymowa, Lebap welaýat kitaphanasynyň I derejeli usulçysy Akjagül Şamuhammedowa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Usulyýet işleri bölüminiň müdiri Läle Annamyradowa, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Maral Gurbansähedowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Bahartäç Rüstemowa we Gökdepe milli muzeýiniň bölüm müdiri Tawus Amanmyradowa çykyş etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gadymyýetden gözbaş alan nepislik
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda