Gadymy ýoluň täze gadamlary

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp hasaplanylýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degişlidir” diýip belleýär.Taryhdan belli bolşy ýaly, ata-babalarymyz gadymyýetiň Beýik Ýüpek ýoluny gorap saklap, bu ýoluň ugrunda parahatçylykly gatnaşyklaryň nyşany bolan gala-kentleri gurupdyrlar.

Söwda kerwenleriniň dünýäniň çar künjeginde täjirleriň yzy üzülmeýän harytlarynyň akymyny sazlaýan döwletleriň bolandygy baradaky taryhy maglumatlar ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň esasy merkezleriniň biri bolandygyna şaýatlyk edýär.Gürrüň etmekçi bolýan ýerimiz 2006-njy ýylda “Gadymy Margiana dünýä siwilizasiýasynyň täze merkezidir” atly halkara ylmy maslahatynda gadymy Gündogaryň taryhyndaky hakyky täsinlige öwrülip, Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan we Hytaý bilen bir hatarda, dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi bolup durýar diýen umumy netijä gelnen Marguş barada barýar.Marguşyň, hakykatdan hem, dünýäniň täze siwilizasiýa ojagy hökmünde ykrar edilmegine daşary ýurtly alymlar hem öz goşandyny goşdular.

Türkmen alymlary Italiýanyň Afrika we Gündogary öwreniş instituty bilen bilelikde, 2005-2007-nji ýylyň güýz möwsümlerinde Murgap derýasynyň hanasyndaky Ajyguýyny öwrenmek maksady bilen, Togalak, Tahyrbaý oazislerinde işlediler.Ligabuýe uniwersitetiniň professory Gabriýell Rossi-Osmida Mary welaýatynyň Ajyguýy oazisinde netijeli gazuw-agtaryş işlerini alyp bardy.Ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri bütindünýä siwilizasiýasyna uly goşant goşan 5 müň ýyl taryhy bolan Gadymy Marguş döwletiniň 61 km demirgazyk-günbataryndaky Goňurdepe babatynda heniz mälim bolmadyk täze maglumatlary ýüze çykardy.

Ol ýerde 10 sany gadymy şäherleriň biri bolan özboluşly Ajyguýy-1-iň ykdysady zolak bolandygy, şäheriň uly möçberdäki ammarlarynda ençeme harytlaryň, şol sanda azyk önümleriniň hem uzak wagtlap saklanandygy ýüze çykaryldy.

Bu şäherde, alymlaryň belleýşi ýaly, harytlaryň importy we eksporty bilen meşgullanýan ilat ýaşapdyr.Ajyguýy-1 şäheri umumadamzat gymmatlyklary we medeniýeti bilen ilkinji siwilizasiýasynyň başlanýan ýeri diýlip hasap edilýän, gadymy Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan, Hytaý ýaly ýurtlar bilen söwda gatnaşyklary alyp barypdyr.Şäherde emeli döredilen akabalar, kerwensaraýlar, söwda merkezleri, täjirler üçin niýetlenen dükanly bazarlar, azyk önümlerini uzak wagt saklamaga niýetlenen ammarlar, gelýän we gidýän harytlary hasaba almagyň we hasabatyny ýöretmegiň özboluşly usullary, möhürler we pul saklanýan ammarlar hem ýüze çykaryldy.Şäherde daşary ýurt täjirleri üçin dem-dynç almaga niýetlenen kerwensaraýlar bolupdyr. Şeýle hem ylmy-gözleg işleriniň netijesinde, daş keşplerine timar berilýän sürme we sürme gutujyklarynyň tapylmagy orta asyrlarda adamlaryň özlerine timar berendiklerine şaýatlyk edýär.Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “…Türkmenistanyň iri halkara logistik merkez hökmünde ulag aragatnaşygynda köp ugurlaýyn yklymlary ulag infrastrukturasynyň kemala gelmegindäki hyzmaty ählitaraplaýyn integrasiýanyň gyzyklanmalaryna hem-de ählumumy durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýär” diýip nygtaýar.

Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda uly işler alnyp barylýar.Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen durnukly ulag, energetika howpsuzlygy, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek ýaly dünýä syýasatynyň gün tertibindäki esasy ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär.

TürkmenistanGazagystanHytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy, Türkmenistanyň teklibi bilen Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda OwganystanTürkmenistanAzerbaýjanGruziýaTürkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürde has-da geriminiň giňelýändigini we özgerýändigini subut edýär.Şeýlelikde, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda häzirki döwürde ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň gazanylmagyna goşant goşýan, dünýä ykdysadyýetine häzirki zaman halkara derejesinde işjeň gatnaşýan Türkmenistan döwletimiziň Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda iri logistik merkezlerine öwrülendigini görmek bolýar.

Döwlet Kömekow,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndakyDemokratiýa we adam hukuklary baradakyTürkmen milli institutynyň esasy ylmy işgäri.

Ýene degişli makalalar

'48 sagatlyk film'. Türkmenistanly awtorlaryň filmi Merkezi Aziýa bäsleşiginde ýeňiş gazandy
Koronawirus barada goşgynyň awtory Türkmenistanda bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hatyra” gününe bagyşlanyp Şehitlere tagzym bolsun, bu güller“ atly geçirilen sergi
Farapda jynaza çärelerine adamlaryň gatnaşmagy gadagan edildi, ýas we sadakalar doly ýatyryldy
Halkara Kazan Musulman Kino-Filmleri Festiwaly Başlady
Hazaryň mylaýym tolkuny