GADYMY NUSAÝ ŞÄHERI

GADYMY NUSAÝ ŞÄHERI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Gadymy Nusaý şäheri atly kitap sergisi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz gadymy mirasymyzy gorap saklamak we ony geljeki nesillere ýetirmekde uly aladalar edýär. Milli mirasy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, rejelemek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabynda şeýle diýýär: Häzirki wagta çenli toplan tejribämiň belli bir böleginiň şu gadymy mekan bilen baglanyşyklydygy mende buýsanç duýgusyny döredýär.

Bu gadymy toprak syrlylygy bilen dünýä alymlaryny özüne çekýär.Belli bolşy ýaly 2007-nji ýylda Nusaýyň taryhy ýadygärlikleri BMG-niň bilim, ylym we medeniýet baradaky edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Döwlet kitaphananyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda gurnalan Gadymy Nusaý şäheri atly kitap sergisi giň okyjy köpçüligine niýetlenen.Esasanam bu sergide ýurdumyzyň taryhyna degişli bolan kitaplar sergide öz beýany tapýar.

Milli mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açyp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän halkara kinofestiwala gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Türkmenfilm birleşiginiň täze filmleri
Alabaý halkymyzyň milli gymmatlygy
Türkmen taryhynyň giňden wagyz edilmeginde muzeýleriň orny
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy