Gadymy Margiananyň syrlary: Gadymy Goňurdepäniň gözel jenany

Çeperçilik sungaty muzeýiniň gadymy üýtgeşik eksponatlar saklanylýan bölüminde irki döwürler döredijiliginiň özboluşly nusgalarynyň biri bar.Adam aýasyndanam kiçijik daş mozaikasynyň bölejigi Goňurdepeden tapylan gadymky şalaryň mawzoleýlerini bezän mozaiki pamelelriň bölejikleriniň biridir.

Onda bary-ýogy birnäçe gara inçe çyzyk bilen daş böleginde nepislik bilen zenan kellesi we boýny şekillendirilipir.Türkmen topragynda 4 müň ýyl ýatsa-da, şeýle gowy saklanan şekil kimiňkikä?

Näbeli zenan taňrysynyňmy ýada ýerli ybadathana ruhanysynyňkymy?Belki-de, Marguş ýurdunda ýaşap geçen şa gyzynyň keşbidir?Bu mozaikanyň şa saganasynda bolmagy tötänden däl bolsa gerek, ol ýerde şol gadym zamanlarda merhumyň ýanynda goýlan beýleki gymmat bahaly zatlaryň arasyndan tapylypdyr.

Goňurdepe häzirki Mary welaýatynyň Garagum etrabynda, Murgap derýasynyň köne ugrunyň demirgazyk böleginde tapylan bürünç asyrdaky Margiananyň şäherlerinden iň ulysydyr.Býzýň eýýamymyzdan ozalky üçünji müňýyllygyň ahyryndan ikinji müňýyllygyň ortasyna çenli ol ýerde müňlerçe adam ýaşan iri şäher bolupdyr.

Tanymal arheolog, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň hormatly agzasy Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan bu şäher soňky döwürlerdäki galalaryň, köşkleriň we ybadathanalaryň nusgasy bolan kaşaň binagärligi, şeýle hem indi türkmen muzeýleriniň üçüsiniň gymmatly eksponatlaryna öwrülen haýran galdyryjy zatlarynyň köplügi bilen dünýä belli bolupdy.

2004-nji ýylda ýerasty aramgäh-saganalarda geçirilen nobatdaky gazuw-agtaryş işlerinde tapylan mozaiki kompoziýlalar has-da gymmatlydyr.Olar binalaryň içini we ýerli barjamlylaryň dünýeden gaýdan adamlara sadaka eden altyn-kümüş şaýly sandyklaryň bezegi hökmünde ulanylypdyr.

Olar butparazlaryň ählisi ýaly o dünýä ynanypdyrlar we özünde bar bolan gymmat bahaly zatlary öleniň ruhuna bagş edipdirler.Professor Sarianidi muzeýimizde çykyş edende şa aramgähleriniň diwarlarynyň we mebelleriniň mozaiki bezeginiň Goňuryň köşklerindäkiden we ybadathanalaryndakydan has nepis bezelmeginiň gadymy adamlaryň o dünýä ynamynyň güýçli bolandygyny görkezýändigini nygtapdy.

Ylym dünýäsi Goňur mozaikalarynyň üýtgeşikligine eýýäm baha berdi.Bu barada ençeme makala ýazyldy, entegem olaryň sany artar, çünkiTürkmenistanyň bürünç eýýamynyň sungaty ýaňy öwrenilip başlandy.Taryhçylar tutuş Gadymy Gündogarda şol döwrüň ýadygärliklerinde beýle zatlar gabat gelmeýär-diýýärler.

Tapylan we muzeýimizde aýawly abatlanylan bölekleriň arasynda ýordumly we bezegli panelleriň birnäçesi bar.Garyşyk usulda ýasalan mozaikalarda daşlar bölekleri reňkli bezegler bilen utgaşdyrylypdyr. Şekiller tebigy reňkler--kömür (gara reňk), lazuritden alnan ýiti gök reňk, ýiti gyzyl reňkler ulanylyp döredilipdir.Olaryň iň möhüm bölekleri—adamlaryň we jandarlaryň kellesiniň, bedeniniň, el-aýaklarynyň, guşlaryň perleriniň we aýaklarynyň şekili, bezegleriň gaýtalanýan bölekleri daşdan ýasalypdyr.

Zenan keşbi ýeke-täk üýtgeşik şekildir, Goňur mozaikalarynyň beýlekilerinde ýabany we ot iýýän haýwanlar, guşlar, balyklar we aždarhalar şekillendirilipdir.Ilki bilen miladydan XV asyr öňki döwre degişli diýlip hasaplanylýan, Ortaýer deňziniň Krit adasynda Knoss köşgüniň freskasy hökmünde taryhçylara mälim bolan bölek bilen meňzeşlik göz öňüne gelýär.

Indi ol tutuşlygyna minoý siwilizasiýasyna bagyşlanan Iraklionyň Arheologiýa muzeýiniň esasy eksponatlarynyň biridir.Freskada elleri pialaly bir-biriniň garşysynda oturan adamly meýlis şekillendirilipdir.Inçe bil, piýala göz, ýüzi reňklenen, saçy timarlanan, ýer astynda ýatan müňýylyklar hem görküni almadyk owadan näzeniniň keşbi saklanyp galypdyr...

Geçen asyryň başynda ony iňlis arheology Artur Ewans açypdyr.Onuň işgärleriniň biri ýaşajyk minoý zenanynyň keşbine gözi düşenden Pariž gözeli bol-a!“ diýip seslenipdir.Ol, dogrudanam ХХ asyryň başyndaki fransuz näzeninlerini ýatladypdyr, şondan bäri oňa “Pariž gözeli“ diýýärler.

Ine, indi Türkmenistanda-da öz Pariž gözelimiz“ peýda boldy. Şekilleriň ikisniňem bir-birine öte meňzeşligi bürünç eýýamynda minoý we margiana ýaly bir-birinden alysda ýerleşen siwilizasiýalaryň arasynda haýsydyr bir medeni gatnaşyklaryň bolandygy barada pikir döredýär.

Goňuryň Knosdan uludygyny göz öňünde tutsaň, onda Gündogardan täsir ýetenligi düşnükli bolýar. Şeýle ýagdaýlar bir ýa iki däl: gadym eýýamlarda-da adamlar uzak ýurtlara syýahat edipdirler, şonuň üçinem Goňurdanam Indiň we Ýefratyň kenarlaryndan getirilen zatlar tapyldy, Margianadan käbir zatlaryň alys ýerlere düşen bolmagam mümkin.

Sarianidi bilen Goňurda ençeme ýyl bile işlän taryh ylymlarynyň doktory, antrpolog Nadežda Anatolýewna Dubowanyň pikirine görä, tapylan zenan keşbi miladydan öňki üçünji-ikinji müňýyllyklarda bu ýerlerde ýaşan adamlaryň umumy keşbine meňzeş bolmaly.

Muzeýde başga-da gadymy Margiana sungatynyň örän seýrek duşýan nusgalary bar. Olar ylymda Baktriýa-margiana arheologiýa toplumy“ adyny alan çylşyrymly we gyzykly çeperçilik döwrüniň ähmiýetlidigi barada pikir döredýär. Aziada 2017-niň öň ýanynda muzeýde täze zatlar görkeziler,onda tomaşaçylar asyrlaryň jümmüşinden bize gelip ýeten ajaýyp zatlary, şol sanda goňurly Pariž gözelnini-de“ görüp bilerler.

Mozaiki kompozisiýalary, biziň Pariž gözelimizi-de“ täzeden diketmäge Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we täzeden dikeltmek boýunça Milli müdirýetiniň ýardam etmeginde Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet restawrasiýa ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri Natalýa Kowalýowany we Galina Weresoskaýany çagyrandygyny bellemek gerek.

Olaryň muzeýde geçiren sapaklaryna tejribeli türkmen restawratorlary Mekan Annanurow we Annamyrat Orazow, şeýle hem Türkmenistanyň Medeiýet institutynyň we Çeperçilik akademiýasynyň talyplary gatnaşdylar.Geljekde olar gadymy Margiananyň we beýleki arheologiýa ýadygärlikleriniň medeni gatlaklarynda heniz gizlenip ýatan üýtgeşik zatlaryň ençemesini dünýä tanadarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen we rus alymlary Türkmenistanda gadymy astronomik möhür tapdylar
19-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gadymy Margiananyň taryhy-medeni gymmatlyklary Ýewropa sergisinde
25.04.2018 | Gadymy Margiananyň taryhy-medeni gymmatlyklary Ýewropa sergisinde
Türkmen milletiniň gadymy genji-hazynasy ilkinji gezek Ýewropada görkezilýär
24.04.2018 | Türkmen milletiniň gadymy genji-hazynasy ilkinji gezek Ýewropada görkezilýär