Belli bir belentlikden beýik jaýlara gökdirän diýilýär.Eýsem, ilkinji gökdiränler haçan peýda bolduka?!Ilkinji belent binalary piramidalar hasaplamak bolar.Piramida diýlende, ilki bilen Müsür göz öňüňe gelýär.
Piramida diýlip, dört sany üçburçlukdan hem-de bir sany dörtburçlukdan emele gelen şekile hem aýdylýar.Binagärlikde bolsa, aşagy dörtburçluk şekilli hem-de dört sany üçburçlugyň ýokarlygyna çürelip gitmegi netijesinde bir nokatda birigýän desgalaryna piramida diýilýär.
Piramida sözi grekçedäki “ot” diýmegi aňladýan “piro” hem-de “merkezde” manysyny berýän “amid” sözlerinden emele gelip, “merkezdäki ot” diýmegi aňladýar.Piramidalaryň Ýeriň merkezinde gurlandygy aýdylýar.Hakykatdan hem, dünýäniň kartasyna seretseňiz, Müsüriň ortada ýerleşýändigini görersiňiz!
Emma piramidalar diňe Müsürde däl, eýsem, dünýäniň beýleki ýerlerinde hem gurlupdyr.Iň köp piramida Sudanda bina edilipdir.Müsüriň goňşusy bolan bu ýurtda 255 piramida bar.Elbetde, bu ýurtdaky piramidalar Müsürdäki ýaly uly däl.
Müsüriň çar künjeginde dürli hasaplamalara görä, 118-den 138-e çenli piramida bar.Olaryň 80 sanysy gowy saklanypdyr.Taryhda döredilen iň uly piramida bolsa, Meksikanyň paýtagty Mehikoda bina edilipdir.
Astekler döwründe gurlan uly Çolula piramidasy Müsürdäki iň uly piramida bolan Gizadan dört esse uly bolupdyr.Bir depäniň aşagynda gömlüp galandygy sebäpli, ol 1900-nji ýyllara çenli belli bolmandyr.
Häzirki wagtda onuň saklanyp galan böleginiň belentligi 60 metre golaý bolup, aşagynyň ölçegi 450×450 metre barabardyr.
Täsinliklere baý gadymy binalar
Dünýäniň ýedi täsinliginiň sanawyna girýän Müsür piramidalary miladydan ozal 2560-njy ýyllarda gurlupdyr. Äpet daşlardan gurlan esasy üç piramida we onuň ýanaşyk ýerlerindäki heýkeldir beýleki taryhy binalary görmäge müňlerçe adam barýar.
Piramidalaryň gurluşygynda peýdalanylan daşlaryň nireden getirilendigi we nädip ýokary çykarylandygy barada anyk maglumat bolman, ony anyklamak üçin häzirki wagtda hem ylmy işler geçirilýär.Belentligi 140 metr töweregi bolan binalar 3800 ýyllap adam eli bilen döredilen iň uly desga bolmagynda galypdyr. Şu ýylyň tomsunda bolsa Müsüriň paýtagty Kairden 40 kilometr çemesi uzakda ýerleşýän Daşhurdaky orta bilinden egri bolan piramida gaýtadan öz myhmanlaryny kabul edip başlady.
Bu desga 1965-nji ýylda ýapylypdyr.Häzirki wagtda myhmanlar4 600 ýyllyk binanyň içindäki iki otaga girip bilýärler.Ol ýere barmak üçin 79 metrlik dälizden geçmeli.
Desganyň orta bilinden ýokarsy has egik bolmagy bilen tapawutlanýar.
Piramidalaryň görnüşleri
Ýokarda agzalan ýurtlar bilen bir hatarda Italiýa, Ispaniýa, Gresiýa, Gonduras, Hytaý we Peru ýaly ýurtlarda hem dürli şekilli piramidalar bar. Şeýle hem käbir ýurtlarda piramida şekilli depeler hem bar.
Soňky ýyllarda piramida şekilli döwrebap binalaryň ýüzlerçesi guruldy.Fransiýanyň paýtagty Pariždäki Luwr muzeýiniň girelgesi, Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýandaky Rýugýon myhmanhanasy, Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultandaky Parahatçylyk we agzybirlik köşgi, ABŞ-nyň Long Biç şäherindäki adybir uniwersitetiniň stadiony, ABŞ-nyň Las-Wegas şäherindäki “Luxor Las Vegas” myhmanhanasy, Tatarystanyň paýtagty Kazandaky dynç-alyş merkezi piramida şekilli meşhur döwrebap binalar hasaplanýar.