Dokma önümçiligi gadymy döwürlerden bäri Denizli welaýatynda esasy girdeji çeşmesi bolup gelýär. Häzirki wagtda dünýäniň 185 ýurduna dokma önümleri eksport edilýän welaýatyň dokma bilen arabaglanşygy tötänleýin däl. Sebäbi gadymy dünýäniň dokma merkezi, şu günki Denizli welaýatlarynyň çäklerinde ýerleşýän gadymy Laodikeýa şäheri bolupdyr.
Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda “Gadymy dünýäniň fabrik şäheri: Laodikeýa” atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.
Denizli welaýatynda, iň köne tapyndylara görä 7 müň ýyl bäri dokma önümçiligi bilen meşgullanylýar.Häzirki günde welaýatyň iň uly girdeji çeşmesi dokma önümçiliginden gelýär.Denizli welaýaty dokma önümçiligi bilen meşgullanýan ýeke täk welaýat bolmasa-da, dokma medeniýetini emele getiren ýeke täk welaýat diýip bileris.
Mundan başgada ýoly Denizli welaýatyndan geçen adamlaryň çürt-kesik bir dokma önümine gözi düşendigini aýdyp bileris.
Gadymy döwürlerde-de Denizli welaýatyndaky we töweregindäki baýlygyň esasy çeşmesi dokma bolupdyr we şoňa baglylykda söwda gatnaşyklary hem özgeripdir. Gadymy dünýäniň iň möhüm egin-eşik merkezi Deniz welaýatynyň territoriýasynyň çäklerinde ýerleşen Laodikeýa gadymy şäheri bolupdyr.
Bu sebitde öndürilýän matalary satyn alyp bilmek abraý hökmünde hasaplanypdyr. Matalar adamyň islegine we ýylyň modasyna görä tikilip, sarp edijä hödürlenipdir.
Laodikeýa şäherinde müňlerçe ýyllyk mata tapyldy
Laodikeýada dokma usulynda ulanylan gurallaryň we ilkinji dokalan matalaryň tapylmagy, bu ýerdäki dokma taryhynyň gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny subut etdi.
7 müň ýyllyk taryhy bolan dokma gurallaryna degişli bölekler
Ozallar Denizli welaýatynyň dokma bilen bagly geçmişi 2 müň ýyl hökmünde kabul edilýärdi. Emma Laodikeýa gadymy şäherinde geçirilen soňraky gazuw-agtaryş işlerinde 7 müň ýyllyk taryhy bardygy kesgitlenen dokma gurallarynyň bölekleri tapyldy.
Laodikeýanyň baýlygy bütin gadymy dünýäde dillere dessan bolupdy. Şol baýlygyň esasy çeşmesi bolsa, ýetişdirilen goýunyň gara garganyň reňkindäki görnüşi we şol goýunlaryň ýüňünden alynýan ýüplükler bolupdyr. Ondan soň şol usul bilen alynan ýüplükler agaç dokma gurallarynda birleşdirilip, mata ýagdaýyna getirilipdir.
Arheologlaryň pikiriçe, dokma medeniýeti taryhdan öňki döwürde köp medeniýetlerde janlanyp, sungata öwrülipdir.
Denizli sebiti, esasanam bizin eramyzyň 2-3-nji asyrlarynda ösüş nukdaýnazaryndan altyn asyryny başdan geçirdi, şäherde dokalan matalar Italiýa çenli eksport edilipdir. Dokma önümleriniň önümçiligi we boýalmagy, halylaryň we kilimleriň dokalmagy taýdan Ierapolis, Laodikeýa we Kolossy şäherleri gadymy döwürleriň fabrikleri bolupdyr.
Laodikeýa matalary häzirki wagtda hem öndürilýär
Gadymy döwürlerde meşhurlyga eýe bolan Laodikeýa ýüplükleri, häzirki wagtda hem gadymy usuldaky dokama bilen öndürilmäge dowam edilýär. Şol ýüplükler bilen öndürilýän önümler, Denizli welaýatynda öndürilip golaýdaky etraplarda we şäherlerde Buldan bizi, Dasdar ýaly atlar bilen häzirki wagtda ünsleri özüne çekýär.
Häzirki günde hem Denizli welaýaty dokma önümçiliginiň artyp dowam edýän eksport merkezi ýagdaýyndadyr. Elbetde häzirki wagtda işler has uly guramaçylykly senagat zolaklarynda, ägirt uly fabriklerde alynyp barylýar. Denizli welaýaty dokma ugrunda dünýä derejesinde ýeten sepgidine, 7 müň ýyllyk gadymy geçmişine borçlydyr.
Denizli welaýatynyň önümleri dünýäniň 185 ýurduna eksport edilýär
Gadymy döwürde bolşy ýaly, şu günki günde hem bütin dünýä Denizli welaýatynda öndürilen dokma önümleri eksport edilýär. 2022-nji ýylda Denizli welaýatyndan dünýäniň 185 ýurduna eksport amala aşyryldy. Iň köp eksport amala aşyrylan ýurt bolsa 624 million dollar bilen Beýik Britaniýa boldy.
Şu günki gün dünýäniň her bir ýurdunda Made in Denizli’ etiketkasyna gabat gelmek bolýar.
Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda “Gadymy dünýäniň fabrik şäheri: Laodikeýa” atly temanyň üstünde durup geçdik.