Hytaý arheologlary tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde 2 müň ýyl mundan ozal Han imperiýasynyň döwründe öndürilen 80-den gowrak bürünç aýna tapyldy.Bu barada Sinhua habarlar gullugy habar berdi.
Gazuw-agtaryş işleri Şensi welaýatynyň Gaoçžuan obasynda geçirildi.Ilkinji gezek ýüze çykarylan aýnalaryň ululygy 7-22 sm aralygynda bolup, olar özüniň şöhlelenme ukybyny ýitirmändirler. Şeýle hem, aýnalarda gadymy ieroglifler saklanyp galypdyr.
The post Gadymy aýna tapyldy appeared first on Zaman Türkmenistan.