Gadymy Abiwerd galasynda gazuw-barlag işlerine girişildi

Gadymy Abiwerd galasynda gazuw-barlag işlerine girişildi

Kaka etrabyndaky Abiwerd taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki gadymy Abiwerd galasynda gazuw-barlag işleriniň ýazky möwsümine girişildi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, orta asyrlarda Horasanyň meşhur Abiwerd welaýatynyň gür ilatly merkezi hökmünde uly meşhurlyk gazanan bu taryhy galada goraghananyň hünärmenleri tarapyndan ýazky möwsümde ylmy işler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Goraghananyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, orta asyr Abiwerd galasyny, onuň diwarlaryny, içki galanyň merkezini, şeýle-de kerwensaraýy içgin öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Geçen möwsümlerde bu taryhy künjekde netijeli işler alnyp baryldy hem-de özünde ylmy maglumatlary saklaýan keramiki gap-gaçlaryň, mis teňňeleriň we beýleki gymmatlyklaryň onlarçasy ýüze çykaryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen taryhynyň giňden wagyz edilmeginde muzeýleriň orny
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistandaky sekiz taryhy ýadygärlikde uly arheologik işler geçirildi
Aşgabatda gadymy Ulugdepe ýadygärliginden tapylan arheologik tapyndylaryň hemişelik sergisi açyldy
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenýän arheologlaryň onlaýn-duşuşygy geçirildi
15.10.2020 | Webinaryň temasy medeni mirasy öňwrenmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy