Geçen hepdäniň ahyrynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň beýan edilmeginden soň milli telewideniýe binasyna giren harby topar ýurduň dolanşygyny ele geçirendiklerini habar berdiler.
Huntaçylar saýlawlaryň ýatyrylandygyny, ähli serhetleriň nobatdaky bildirişe çenli ýapylandygyny, Respublikanyň ähli guramadyr-edaralarynyň ýatyrylandygyny yglan etdiler.
Huntaçylar: "Şu gün 2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda Guramalaryň Geçiş we dikeldiş komiteti goranyş we howpsuzlyk güýçleri hökmünde, Gabon halkynyň adyndan we guramadyr-edaralarynyň goralmagynyň kepillendirijisi hökmünde, parahatçylygy goramaga karara geldik. Bar bolan häkimiýeti ýatyrdyk" diýip habar berdi.
Gabonyň Saýlaw merkeziniň ýurduň ozalky Prezidenti Ali Bongonyň sesleriň 64,27 göterimini alyp, ýaňadandan Prezident wezipesine saýlanandygyny yglan etmeginden gysga wagt soň berilen bu beýanatyň edil yz ýanyndan, ýurduň paýtagty Librewil şäherinde ýaragyň sesleriň eşidilmäge başlanandygy mälim edildi.
Guramalaryň Geçiş we dikeldiş komiteti tarapyndan berilen beýanatda bolsa Prezident Bongonyň öý tussaglygynda saklanýandygy aýan edildi.
Beýanatda Bongonyň ogullarynyň biriniň hem Watana dönüklik etmek aýyplamasy bilen göz tussaglygyna alynandygy beýan edildi.
Öý tussaglygynda bolan Prezident Bongo tarapdarlaryna goldaw ýüzlenmesini ugratdy.
Bongo galýan ýerinde düşüren we sosial media hasaplarda paýlaşylan wideo ýüzlenmesi bilen dostlaryna we bütin dünýä bir zat etmekleri barada çagyryş berdi.
Bongo: "Bu adamlar meni tussag etdi. Oglum başga bir ýerde saklanýar, aýalym ýanymda däl. Men hem ýaşaýan ýerimde, emma näme bolýandygyny bilemok. Dostlarymyza, bütin dünýä ýüzlenýärin: bir zatlar ediň, ses beriň. Minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi.