Gabion daşdan döredilen gözellik

Kenarýakalaryň, ýollaryň, demir ýollaryň ugruny berkitmek, tebigy eňňitleri eroziýadan, daş bölekleriniň gaçmagyndan goramak üçin ulanylýan sim galybyň içiniň daş bilen doldurylmagy bilen edilýän gabion diýilýär.Gabion landşaft dizaýnynyň bir elementi bolmak bilen, şol bir wagtda owadan we dürli maksatlar bilen ulanmaga hem amatly bolýar.

Gabion sebetleriniň birnäçe asyr mundan ozal döredilendigine garamazdan, häzirki wagtda olara täzeden üns berlip başlandy. Şeýle gurluşlar çydamly, gurmak we saklamak aňsat bolýar hem-de tebigy materiallaryň ulanylmagy sebäpli tebigy görünýär.

Gabionlaryň iň köp ulanylýan görnüşleriniň biri daşy ýapyk inedördül ýa-da gönüburç guty ýaly görünýär.Gabion daş ýa-da başga metal bilen doldurylandan soň, gapagy ýapylýar we sim bilen berkidilýär.

Guty gabionlarynyň dürli görnüşleri bolup olaryň birine “düşek” diýilýär. Şeýle gabionlaryň meýdany 12 inedördül metre çenli bolup bilýär. Silindr görnüşli gabionlar köplenç suw howdanlarynda, ýokary tolkunly ýerlerde heläkçilikleri ýok etmek ýa-da diwarlary saklamak maksady bilen esas döretmek üçin ulanylýar. Silindr görnüşli gabionlaryň diametri 0,65 metrden üýtgeýär.

Gabionlar uzak wagt ýykylmaýar, çeýelik, ekologiki taýdan arassa.

Mährijemal Gurbanowa,Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Tebigat we ekologiýa
TÜRKSOÝ Magtymgula bagyşlanan düzme bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi
Türkmenistanda Täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk başlanýar
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä belledi
Parižiň Gime muzeýinde türkmen sergisini guramak mümkinçiligi maslahatlaşyldy
2023-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO-a girmeginiň ýubileý senesi bilen baglanyşykly dabaralar geçiriler
Daşoguzda türkmen-özbek dostluk festiwaly geçiriler