Gabarçygy aýyrmak üçin tebigy çözgütler

Gabarçygy aýyrmak üçin tebigy çözgütler

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gabarçygy aýyrmak üçin tebigy çözgütler hakynda maglumat bermekçi.

Ýyly suwda garaşdyrma usulydyr. Eger aýagyňyzda ýa-da barmagyňyzda gabarçyk bar bolsa, 20 minudyň dowamynda ýyly suwa sokuň. Soň ýuwaşlyk bilen owup, gabarçygy aýyryp bilersiňiz. Hepdede 2-3 gezek gaýtalamak maslahat berilýär.

Gerek bolan önümler:

Sogany bankanyň içine dograň we üssüne ak sirke goşuň. Agzyny ýapyp 8 sagat goýuň. 8 sagat soň ergine pagtany batyryp, gabarçygyň üstüne çalyň.

Alma sirkesi

4 nahar çemçesi alma sirkesine 4 käse suw goşup, garyň. Gabarçagy şol erginiň içine 20 minudyň dowamynda sokuň. Soň gabarçagy owup, aýyryp bilersiňiz.

Sarymsakly Zeýtunýagy

Gerek bolan önümler:

Hindi Ýagy

5 nahar çemçesi hindi ýagy bilen 1 litr suwy garyň. Gabarçaklyýeri şol ergine batyryň.

Pomidoryň gabygy

Gerek bolan önümler:

Artylan pomidoryň gabygyny gabarçykly ýere goýuň we bint bilen daňyň.

İňlis duzy

Bir käse ýyly suwa 2-3 çemçe iňlis duzuny goşuň. Gabarçykly ýeri şol suwa sokup, ýumşadyp bilersiňiz.

Ananas gaby

Gerek bolan önümler:

Ananasyň gabygyny artyň. Gabyň iç tarapyny gabarçygyň üstüne goýuň. Bu bejergini 7 gün dowam etdiriň.

Çaý Agajynyň Ýagy

Bir legen ýyly suwuň içine 2-3 damja çaý agajyýagyny damdyryň. Deriňiz ýumşap, gabarçagyň ýokary göterilenini duýýançaňz gabarçaklyýeriňizi suwa tutuň. Çaý agajynyň ýagy güýçli bolany üçin, derinizi 15 minutdan köp suwa sokmaň. Soň ýyly suw bilen durulaň.

Çopantelpegiň suwy

Gerek bolan önümler:

Bir litr suwa guradylan çopantelpegi ýa-da çopantelpek çaýyny goşuň. Azajyk garaşyň we çopantelpekleriň açylmagyna garaşyň.

Günde 30 minut aýagyňyzy çopantekpekli suwuň içine sokuň.

Bananyň gabygy

Bananyň gabygyny gabarçagyň üstüne goýuň.

Injirli bejergi

Gök, bişmedik injiriň suwy, eldäki we aýakdaky gabarçaklar üçin netijeli çözgütlerden biridir. Bejergi üçin gök injiriň suwuny sykyp, günde 2-3 gezek gabarçaga çalmak maslahat berilýär.

Limon

Gabarçaklara täze limon suwuny çalyň we guraýança garaşyň. Günde üç gezek gaýtalamak has netijeli bolar.

Sarymsak

Gabarçaklyýerlere gabygy artylan sarymsak çalyň. Eger isleseňiz ezilen sarymsağa sirke goşup ulanmak hem maslahat berilýär.

Droj we limon

Bir gaba ýyly suwwe 2 nahar çemçesi limon suwy guýuň. Gabarçaklyýeri şol suwa 2 minut soň droj hem goşuň. Soň bolsa 5-10 minut aralygnda garaşyp, gabarçagy aýyryp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Dodak Jaýrylmasy we Onuň Bejergi Usullary
Zeýtun agajynyň ýapragynyň peýdalary
Saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary
Saç goňayny aýyrmak üçin käbir tebigy teklipleri
Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda PKK-a agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi