G7 ýurtlary Merkezi Aziýanyň infrastrukturasyna 200 milliard dollar maýa goýmakçy

G7 ýurtlary Merkezi Aziýadaky infrastruktura taslamalaryna 200 milliard dollara çenli maýa goýmaga taýyndygyny mälim etdi. Gazagystan şeýle maýa goýumlarynyň esasy ugurlaryndan biridir. BMG-niň habar berşi ýaly, bu barada ABŞ-nyň Global infrastruktura we maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ýörite utgaşdyryjysy Helaina Matza Gazagystanyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda aýtdy.

Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň esasy maksady, dünýäde azyk we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýa etmekdir. Maksatnama laýyklykda, G7 ýurtlary – Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa we ABŞ 2027-nji ýyla çenli ösýän ýurtlara 600 milliard dollar maýa goýmagy maksat edinýär, şolardan 200 milliard dollary Merkezi Aziýa üçin niýetlenendir.

Helaina Matza bilen bolan duşuşykda ABŞ-nyň Gazagystanyň ulag we logistika, arassa energiýa önümçiligi, oba hojalygy, şeýle hem, seýrek metallary gazyp almak we gaýtadan işlemek boýunça taslamalaryna maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýada ulag gatnawlaryny ösdürmek maksady bilen 10 milliard ýewro maýa goýmagy meýilleşdirýär. Ýewropa Komissiýasy, “Global Gateway” strategiýasynyň çäklerinde, transhazar ugruny goldamak maksady bilen sebitiň ulag maksatnamasyny taýýarlaýar. Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky Merkezi Aziýada ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak üçin 33 infrastruktura taslamasy üçin 18,5 milliard ýewro maýa goýumlaryny çekmegiň zerurdygyny çaklady, şolardan 5,5 milliard ýewro bahasy bolan 13 taslama Gazagystanyň paýyna düşýär.

Bu, transhazar ugrunyň mümkinçiliklerini häzirki 6 million tonnadan 2040-njy ýyla çenli 26 million tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

G7 Merkezi Aziýa maýa goýmakçy
Türkmenistanda abatlanan guýulardan 10 müň tonna golaý nebit çykaryldy
Kolizeý abatlanar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany
“Lebapgazçykaryş” 5 milliard kub metrden gowrak tebigy gazy öndürdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany