Uly ýigrimilik toparynyň geljekki maslahatlary 2023, 2024 we 2025-nji ýyllarda degişlilikde Hindistanda, Braziliýada we Günorta Afrika Respublikasynda geçer diýip, Interfax.ru ýazýar.
Bu barada düýn Indoneziýada tamamlanan sammitiň jemleýji resminamasynda aýdylýar. Balidäki maslahatda kabul edilen Deklarasiýanyň ýazgysy RF-niň Kremliniň saýtynda çap edildi.
Öň G20-ligiň 2023-nji ýyldaky sammitinde başlyklyk etjek Hindistan onuň Nýu-Delide 9-20-njy sentýabrda geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar beripdi.