G.Berdimuhamedowyň Mara eden sapary müňlerçe adamyň hereketini çäklendirdi

G.Berdimuhamedowyň Mara eden sapary müňlerçe adamyň hereketini çäklendirdi

25-nji ýanwarda Mary welaýatynyň Mary we Türkmengala etraplarynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Şeýle-de, Mary-Türkmenabat şäherleriniň arasynda awtoulag hereketi doly çäklendirildi. Bu başagaýlyklar öňki prezident, häzir Halk Maslahatynyň başlygy we ýakynda “türkmen halkynyň Milli lideri” yglan edilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite eden sapary bilen baglanyşykly boldy.

"Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum derýasynyň Türkmengala etrabynyň 'Zähmet' daýhan birleşiginiň golaýyndan geçýän bölegine dik uçardan synlady. Ol derýanyň suwunyň çöl meýdanyna akdyrylyp, suw joşmalaryna garşy görülýän çärelere syn etdi. Soňra-da derýanyň gyrasyna baryp gördi. Sebitde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip, kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň sany artdyryldy" diýip, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy aýtdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, 25-nji ýanwarda Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Garagum derýasynyň kadaly akymyny üpjün etmäge, onuň kenarlaryny berkitmäge jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy. Ýöne habarda onuň Mara sapar edendigi barada hiç zat aýdylmady.

Şol bir wagtda, habarçylarymyz käbir howpsuzlyk çeşmelerine salgylanyp, sebite prezident Serdar Berdimuhamedowyň sapar edendigi barada maglumatlaryň bardygyny hem aýdýarlar. Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda bu maglumatyň doly anygyna ýetmek häzirlikçe başartmady.

Sebitde suw joşmalaryna garşy alnyp barylýan çärelere mejbury gatnaşdyrylýan býujet işgärleriniň biri döwlet emeldarynyň daýhan birleşiginiň çägine baran pursadynda häkimiýetleriň özlerini gizländigini aýdýar.

"Biziň mobil telefonlarymyzy çöpläp alyp, sakgalyňyzy we murtuňyzy syryň diýdiler. Biz sowuk suwda ýuwunyp bilmeýäris diýdik. Soňra bizi gizlediler. Derýanyň kenarlaryny berkitmek işine çekilen adamlaryň arasynda Polisiýa müdirliklerinde hasapda duran adamlar hem bardy. Olara edilýän gözegçilik hem güýçlenip, olary-da gizlediler. Gurbangulynyň öňünden 'Jojukly' myhmanhanasynda galýan ýolbaşçylar çykdylar" diýip, býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Döwlet emeldarynyň Mary etrabyndaky "Zarpçy", "Medeniýet" daýhan birleşiklerindäki bugdaý meýdanlaryna hem baryp görendigi aýdylýar.

Bu sapar Marydan Lebap welaýatyna we bu ýerden Mary şäherine gitmek isleýän ýurt raýatlarynyň, daşary ýurt ýük ulaglarynyň hereketine hem oňaýsyz täsir ýetirdi.

25-nji ýanwarda irden sagat 8-den tä ikindin sagat 4-e çenli Mary-Türkmenabat awtomobil ýolunda awtoulag hereketi doly çäklendirildi. Bu ýoluň Marydan we Türkmenabatdan ugralýan böleginde birnäçe kilometre çenli uzaýan awtoulag kerweni emele geldi.

"Ýoluň iki tarapynda hem Mara ýa-da Türkmenabada gitmek isleýän ýüzlerçe awtoulag üýşdi. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň günortasynda ilat arasynda 'Mary posty' diýlip atlandyrylýan polisiýa posty bar. Bu ýerde awotulaglardan we ýolagçaylardan başga-da, daşary ýurt ýük ulaglarynyň bäş kilometre çenli uzaýan kerweni emele geldi. Hemme adam sowuk howada sekiz sagat garaşmaly boldy" diýip, Lebapdaky habarçy aýtdy.

Agzalýan postdaky ulaglaryň soňkusy giçlik sagat 7-ä golaýlanda ugrady. Sagat 7-de postuň golaýynda hiç hili awtoulag ýokdy diýip, habarçy belledi.

Bellesek, döwlet emeldarynyň sebite sapar edendigi baradaky habarlar, ​häkimiýetleriň suw joşmalaryna garşy hüşgärlik ýagdaýyny ýokarlandyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ýurda şu aýyň birinji hepdesiniň ahyrynda aralaşan aýazly howanyň netijesinde Garagum derýasynyň käbir ýerlerinde buz gatlaklary emele geldi.Geçen hepdäniň ahyrynda häkimiýetler olaryň eräp, öz akymyny üýtgedip, suw joşmalarynyň ilatly sebitlere we ekerançylyk ýerlerine gelmeginiň öňüni almak üçin derýanyň kenarlaryny berkitmäge başladylar.

Bu işlere beýleki hünärmenler bilen bir hatarda, býujet işgärleri mejbury gatnaşdyrylýar.Geçen hepdäniň ikinji ýarymynda derýadaky buzluklaryň eremegi netijesinde, Niçka obasynda 10-dan gowrak hojalygyň mal ýatagyny suw basandygy hem mälim boldy.

Ýatlatsak, geçen hepde prezident Serdar Berdimuhamedow hem sebite sapar edip, dikuçarda Garagum derýasyny synlady. 19-njy ýanwarda prezident derýada buz gatlagynyň dörändigini, şoňa görä-de, onuň kenarlaryny berkitmek işine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny hem nygtapdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebap G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlanýar
G.Berdimuhamedowyň Mara eden sapary müňlerçe adamyň hereketini çäklendirdi
Türkmenabadyň “ünsden düşürilýän” köçelerinde çukurlar köpelýär
Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi
Lebapda bir aýlap Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlyk görülýär
Lebapda hereket çäklendirmeleriniň gerimi güýçlendirilýär, ilata köpçülikleýin sanjym edilýär