G.Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňüsyrasynda Arkadagda ýary gijä çenli arassaçylyk işleri geçirildi

G.Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňüsyrasynda Arkadagda ýary gijä çenli arassaçylyk işleri geçirildi

Ahal welaýatynda 27-nji iýunda güýçli ýagyş ýagdy. Gökdere jülgesinden gaýdan sil suwlary welaýatyň merkezi şäheri Arkadagyň köçelerini, jaýlaryň howlularyny suw we palçyk basmagyna getirdi.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününiň we Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda bolan tebigy hadysa, arassaçylyk işgärleriniň arasynda başagaýlyk döretdi.

“Dabaralardan iki gün öň ýagan güýçli ýagyn suwlary şähere uly möçberde zyýan etmese-de, Jemagat hojalygy müdirligine degişli edaralaryň işgärleri laý basan köçeleri, pyýadalar üçin geçelgeleri, ýaşaýyş jaýlarynyň howlularyny, ulaglaryň duralga meýdanlaryny arassalamly boldular” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, bu işler şäheriň ähli arassaçylyk işgärleriniň gatnaşmagynda iki günläp gijäniň ýaryna çenli dowam etdi.

29-njy iýunda, prezident Serdar Berdimuhamedowyň kakasy G.Berdimuhamedowyň 67-nji doglan gününde, Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli köpçülikleýin çäreler we maslahatlar geçirildi.

Döwlet telewideniýesi daşary ýurt liderleriniň, şol sanda türk we özbek prezidentleriniň G.Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlandygyny aýdyp, Arkadag şäherinde geçirilen aýdym-sazly dabaralary we täze jaýlara göçüp baran raýatlary görkezdi.

Emma resmi media adatça bolşy ýaly bulara görlen taýýarlyk çäreleri, şol sanda arassaçylyk işleri barada gürrüň gozgamady.

Şol bir wagtda, döwlet mediasy asman jisimlerini öwrenýän “Kosmos-Ýer” jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine “Arkadag” diýip at goýandyklary baradaky “hoş habar” hakda maglumat berdi.

Döwlet telewideniýesi bilim işgärleriniň käbirleriniň bu baradaky güwänamany maňlaýyna sylýan pursatlaryny görkezdi.

Garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” alymlar tarapyndan hiç bir ýyldyzyň tapylmandygyny nygtap, “Kosmos-Ýer” ýyldyz katalogynyň “5 minutda ýyldyzy satyn almagy we oňa at dakmagy” teklip edýändigini habar berdi.

“Bu hyzmatyň bahasy 4 müň 850 rubldan, takmynan 55 ABŞ dollaryndan başlanýar” diýip, neşir 1-nji iýulda çap eden habarynda belleýär.

Bu aralykda, Balkan welaýatyndaky habarçymyz G.Berdimuhamedowyň doglan gününiň şanyna sebitiň tas ähli edara-kärhanalarynda aýdym-sazly dabaralaryň, maslahatlaryň we ýygnaklaryň geçirilendigini habar berýär.

“29-njy iýunda köçelerdäki polisiýa işgärleri hem ak köýnek toý lybasyny geýipdirler. Şol güni irden jemgyýetçilik awtobuslarynyň we taksileriň öň aýnasyna prezidentiň suratynyň ýanyna Gurbangulynyň suratyny hem goýdurdylar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Welaýatyň merkezi şäheri Balkanabatda G.Berdimuhamedowyň kitaplarynyň mejbury-meýletin satuw ýarmarkasy guraldy. Şäheriň býujet işgärleri, şol sanda orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary bu ýarmarka mejbury eltildi.

“Olar Arkadagyň iki sany kitabyny satyn almaga borçly edildiler. Mundan başga-da, býujet işgärleri, talyplar we okuwçylar Arkadag eserinden taýýarlanan sahna oýnuna biletleri satyn alyp, oňa hem tomaşa etmäge mejbur edildi. Bu oýun 29-njy iýunda Balkanabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky sazly drama teatrynda sahnalaşdyryldy” diýip, balkanabatly býujet işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Býujet işgärleriniň ençemesi habarçymyza beren maglumatynda bir maşgalanyň agzalary üçin geçirilýän köpçülikleýin çärelerden ýadandyklaryny aýdyp, bulara nägilelik bildirdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.

Soňky 17 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty we maşgala kulty üznüksiz berkidilýär.

Synçylar ýurtda Berdimuhamedowlaryň “şahsyýet kultuny mundan beýläk hem ösdürmek synanyşyklarynyň” ýaýbaňlanýandygyna ünsi çekip gelýärler. Muňa delil hökmünde, ozalky prezidentiň “Arkadag” lakamy bilen täze şäheriň gurulmagy, täze tele-kanalyň açylmagy, futbol klubunyň esaslandyrylmagy, hatda döwlet medalynyň döredilmegi mysal getirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda ýene mejbury çäre geçirilip, G.Berdimuhamedow wasp edildi
Diňle: Balkanda ýene mejbury çäre geçirilip, G.Berdimuhamedow wasp edildi
Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Koreýa Respublikasynda saparda bolýar
Türkmen wekiliýeti birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşmeleriň işine gatnaşdy
Bir kemsiz asfaltlanan köçeler, ýaldyrap duran jaýlar, azyk bolçulygy’ prezidentiň ata-baba dokduk etraby Gökdepe
Okyjy: Türkmenistan döwleti 99 ýaşady