Fýodor Ýemelýanenko Bellator ýaryşynda Timoti Jonsony nokauta gidirdi

Fýodor Ýemelýanenko Bellator ýaryşynda Timoti Jonsony nokauta gidirdi

Garyşyk stiliň russiýaly söweşijisi Fýodor Ýemelýanenko Bellator 269 turnirinde amerikaly Timoti Jonsondan üstün çykdy. Guramanyň ýaryşy Russiýada ilkinji gezek geçirildi, söweş Moskwadaky “WTB-Arenada” boldy.

Ýemelýanenko birinji raundda nokaut bilen ýeňdi. Agyr agram kategoriýasyndaky söweş 1 minut 45 sekunt dowam etdi.

Ýemelýanenko 45 ýaşynda.MMA-da onuň hasabynda indi 40 ýeňiş we alty ýeňliş bar, ýene bir söweş geçirilmedik diýlip kabul edildi.Bellator-yň çäginde russiýaly söweşiji alty söweşe gatnaşyp, dört gezek ýeňdi we iki gezek ýeňildi. Ýemelýanenko Pride FC wersiýasy boýunça agyr agramda garyşyk söweş sungaty boýunça dört gezek dünýä çempiony, Rings we WAMMA wersiýalary boýunça iki gezek, söweş sambosy boýunça dört gezek dünýä çempiony we dokuz gezek Russiýanyň çempionydyr.

Jonson 36 ýaşynda, ol agyr agramly söweşijileriň arasynda Bellator-yň reýtinginde ikinji orny eýeleýär. Ýemelýanenko sanawa girmeýär. Amerikaly söweşijiniň hasabynda 15 ýeňiş we sekiz ýeňliş bar.

Ýene degişli makalalar

Ahalyň täze merkezi Arkadag ýaşyl we akylly şäher şahadatnamalaryna mynasyp bolar, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşar, Täjigistanyň meşhur aýdymçysy Aşgabatda boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystana iş sapary bilen bardy, Belarus ýokary okuw mekdepleri Aşgabatda geçirilen sergide bilim hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar, türkmen medeniýet we sungat ussatlary Wenada konsert bererler we beýleki habarlar
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär
Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Amerikaly söweşiji Jonson Moskwadaky söweşde Fýodor Ýemelýanenkonyň garşydaşy bolar
Bellator Moskwada Fýodor Ýemelýanenkonyň hoşlaşyk söweşini geçirer