Fuýu Türkçesi

Fuýu Türkçesi

Eziz Ildeşler Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň nobatdaky 16-njy bölüminde biz ýene-de siziň bilen bilelikde.Gepleşigimiziň geçenki sanynda Hytaý tarapyndan resmi taýdan türk we musulman hökmünde kabul edilýän, käbir çeşmelerde Hytaýdaky Oguz ýa-da Hytaý türkmenleri ady bilen tanalýan Salyr türkleri, Salyr türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Salyr türk dili barada gürrüň beripdik. Şu gün bolsa taryhy we etniki köki taýdan häzirki günde bar bolan Gyrgyz türkleri bilen arabaglanşykly bolmaklaryna garamazdan, medeni, dil we din taýdan tapawutly bolan Fuýu türkleri, Fuýu türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Fuýu türk dili barada gürrüň bermek isleýäris.

Geçen XX asyrda, has takyk aýdylanda 1950-nji ýyllarda Hytaýly barlagçy we lingwist Hu Ženhua tarapyndan tapylan; 1966-njy ýylda bolsa asly tatar bolan russiýaly lingwist, türkolog Edhem Rahimoviç Tenişew arkaly ylym dünýäsi bilen tanyşdyrylan Fuýu türkleri, şu günki gün Hytaýyň serhetleriniň çäginde ýerleşýän Mançžuriýa (Heý Long Jiang) sebitiniň Fuýu şäherçesiniň töweregindäki obalarda, esasan hem Ýaszýaszy we Siszýaszy obalarynda ýaşaýarlar. Çaklamalara görä, Fuýu türkleriniň ilaty 1000 bilen 2000 adam aralygynda üýtgeýär.

Ýaşaýan ýerleriniň adyny alan Fuýu türkleriniň ady agzalan sebide haçan we nähili gelip ýerleşendikleri barada dürli garaýyşlar bar.Olardan birine görä, Fuýu türkleriniň ata-babalary XVII asyryň ikinji ýarymynda Altaý topraklaryndan göçüp, Kingan daglaryny geçip, Hytaýyň demirgazyk bölegine gelipdir.

Başga bir garaýyşa görä bolsa, imperator Çen Lung döwründe (1736-1796) häzirki Sinjan Uýgur Awtonom sebitinden göçüpdirler.Hu Ženhua bolsa, sebitdäki mongollaryň Çeng Lung şalygy döwründe häzirki Mongoliýa topraklaryndan gelendigini belleýär, Fuýu türkleriniň bolsa şol şalygyň 1761-nji ýylda Jungariýany basyp almagyndan soň Altaýdan harby gulluga alynyp getirilendigini aýdýar.

Hytaý taryhy çeşmeleri bolsa Fuýu türkleriniň XIII asyryň ahyrynda Mongol imperatory Kubilaý Hanyň döwründe (1214-1294) Ýeniseý sebitinden demirgazyk-gündogar Hytaýyň günbatar bölegine we Çiçikaryň golaýyndaky sebide gelip ýerleşendigini ýazýar.

Fuýu türkçesiniň köki XVI we XVII asyrlardaky Ýeniseý Gyrgyz diline daýanýar. Ýeniseý Gyrgyz diliniň gözbaşy bolsa gadymy Gyrgyzlaryň IX we XI asyrlardaky dilleridir. Şonuň üçin Fuýu türkçesine Fu-ýu Gyrgyz dili hem diýilýär.

Muňa garamazdan, Hytaýyň iň gündogarynda gepleşilýän Fuýu türkçesi ýa-da Fuýu Gyrgyz dili, häzirki wagtda Türküstan geografiýasynda, esasan hem Gyrgyzystan Respublikasynda gepleşilýän Gyrgyz türk dilinden örän tapawutlydyr.

Din taýdan Şamanizm we bölekleýin Lama dinine degişli bolan Fuýu türkleriniň ene dili has köp gadymy Gyrgyz diliniň yzlaryny özünde jemleýän Hakas, Şor we Sary Uýgur dilleri bilen ýakynlyk görkezýär.

Fuýu türkleriniň ýaşululary özlerine Hyrgys, Gyrgys; ýaşlary bolsa Hytaý diliniň täsiri bilen Tirtiz diýýärler. Ýerli Mongollar bolsa olara jirjis adyny beripdirler.Türki dialektleriň geografik we lingwistik esaslara görä toparlanmagynda Demirgazyk-gündogar ýa-da Sibir toparynda bolan Fuýu türkçesi, şu günki gün işjeňligini ýitirip, 2000-nji ýyllardan bäri bu dilde gepleýänleriň sany örän azaldy. Şol sebäpli Fuýu türkleri häzirki gündelik durmuşlarynda dil hökmünde Ölöt Mongol dilini we Hytaý dilini ulanýarlar, bilim dili hökmünde bolsa Hytaý diline isleg bildirýärler.

ÝUNESKO-nyň 2010-njy ýylda çap eden "Howp astyndaky dilleriň Gyzyl kitabynda” bolsa "Ölüp barýan diller" kategoriýasyna goşulypdyr. Fuýu türk dilinde gepleýänleriň sany örän az bolanlygy sebäpli, diliň ýaşamagy üçin gyssagly gorag astyna alynmagy we goldaw berilmegi zerurdyr.

Prof. Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň goşandy bilen Dr. Saida Bukhanidinowa tarapyndan taýarlanan Fuýu türkleri, Fuýu türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Fuýu türk diline bölüp aýyran bölümimizi geçirip gutarýarys. Gepleşigimiziň nobatdaky bölüminde türk dialektiniň gepleşilýän tapawutly geografiýada duşuşarys.

Ýene degişli makalalar

Türk dialektleriniň toparlara bölünişi
Saha Türkçesi - 1
Uýgur Türkçesi
Tywa Türkçesi
Salyr Türkçesi
Sary Uýgur Türkçesi