Aşgabadyň Altyn täç topary zenanlaryň arasynda geçirilen futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda Mary welaýatynyň Olimp toparyny ýeňlişe sezewar etdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Kamil Mingazowyň tälim berýän topary garşydaşyndan 4:2 hasabynda üstün çykmagy başardy. Balkan toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykan Ahal hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Final duşuşygynyň yzysüresinde tapawutlanan oýunçylardyr, tälimçi bilen eminiň sylaglanyş dabarasy geçirildi.
Şeýlelikde, Olimp toparynyň oýunçysy Läle Haipowa Kubok bäsleşiginiň Iň ökde oýunçysy diýlip yglan edildi.Garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 18-sini geçiren Altyn täç toparynyň oýunçysy Mariýa Çaryýewa iň köp gol geçiren oýunçylaryň arasynda öňe saýlandy.
Altyn täjiň derwezeçisi Aýşa Annaberdiýewa iň ökde derwezeçä gowşurylýan baýraga mynasyp boldy. Üçünji orny eýelän Ahal toparynyň tälimçisi Boris Borowik Iň ökde tälimçi, Guwanç Aşyrow bolsa Iň ökde emin diýlip saýlanyldy.
Ýeňiji bolanlara baýraklary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow hem-de TFF-niň başlygynyň orunbasary Şatlyk Orazgylyjow gowşurdylar.
Ýeri gelende bellesek, zenanlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň Kubok bäsleşigine paýtagtymyza hem-de welaýatlarymyza wekilçilik eden toparlarynyň sekizisi gatnaşdy.