
Amerikaly futurolog Reýmond Kursweýl ýene sekiz ýyldan adamlar baky ýaşamagy öwrenerler diýen çaklamany öňe sürdi. Onuň öňki çaklamalarynyň 137-siniň 86 göterimi dogry bolup çykdy diýip, Daily Mail neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Geljegi öňünden çaklaýjynyň pikirine görä, baky ömürlilik 2029-njy ýylda emeli aňyň Týuringiň synagyndan geçmegi, ýagny adamzadyň aň-düşünjesiniň derejesine ýetmegi netijesinde mümkin bolar. Týuringiň testi — bu maşynyň adamyň paýhasly özüni alyp barşyny gazanmagy ýa-da ondan bu babatda o diýen tapawutlanmazlygydyr.
Bu bolsa, nanorobotlary döretmäge hem-de adamlaryň garrylyk salynda öýjüklerini täzeden dikeltmäge mümkinçilik berer.
Kusrweýl şeýle-de 2045-nji ýylda adamzadyň akyl-düşünjesiniň emeli aň bilen utgaşyklylykda, milliardlarça esse güýçlenjekdigini çaklaýar.
1990-njy ýylda futurolog dünýäde iň güýçli küştçüniň kompýuterden ýeňiljekdigini çaklapdy, bu 1997-nji ýylda bolup geçdi, Deep Blue kompýuteri dünýäniň şol wagtky iň güýçli küştçüsini ýeňmegi başardy.