Futbol topunyň taryhyndan

Düýn gije Futbol boýunça XVI Ýewropa çempionaty Türkiýe-Italiýa duşuşygy bilen başlady.Bu çempionatda hem adatça bolşy ýaly, dünýä belli “Adidas” kompaniýasynyň toplary ulanylýar.Bu top “Uniforia” diýlip atlandyrylýar.

Bu söz “unity” (birlik, bitewülik) hem-de “euphoria” (şatlyk, keýpiköklük, göçgünli wagtyhoşluk) diýen sözlerden emele gelen. Ähli barlaglardan geçirilen topuň 70 göterimi poliuretan, 20 göterimi poliester hem-de 10 göterimi wiskozadan (emeli ýüpek) ybaratdyr.

Eýsem, futbol topy haçan döredikä?!Haçandan bäri top oýnalýarka?Ine, onuň jogaby.

Adamzat irki döwürlerden bäri toply oýunlary oýnaýar.Muňa taryhy tapyndylar, saklanyp galan ylmy çeşmeler, diwara çekilen suratlar şaýatlyk edýär.Müsürde tapylan diwar şekillerinde aýak bilen oýnalýan topuň suraty bar.

Hatda şol döwürlerden galan diametri 7,5 sm bolan deriden ýa-da kendirden edilen toplar häzirki wagtda muzeýde saklanýar.Taryhçylar olary 2500 ýyl bilen seneleýärler.Gadymy grek şahyry Gomer öz eserleriniň birinde top bilen oýnalýan oýun barada belläp geçýär.

Mundan 4500 ýyl ozal Hytaýda ýere dürtülen iki naýzanyň arasyndan topy depip geçirmek arkaly oýnalýan oýun barada maglumatlar bar.Orta Aziýa halklarynyň arasynda bolsa topy el degirmezden, dine aýak we kelle bilen urup, garşydaş derwezä geçirip oýnalýan oýun barada ýazgylar bar.

Belli alym Mahmyt Kaşgarly “Diwany lugat at-türk” kitabynda we beýleki birnäçe taryhçylar öz eserlerinde türki halklaryň “tepük” (“depmek” sözünden) atly top oýnandyklaryny belleýärler.Ol top ikbaş görnüşinde guýlan gurşunyň daşyna çöpür we beýleki ýumşak zatlaryň saralmagy bilen ýasalypdyr.

Bu oýnuň düzgünleri futboluňka meňzeş bolupdyr.Belli bir meýdançada oýnalýan oýunda topy ellemek, gödek hereket bilen düzgüni bozmak gadagan edilipdir.Dürli halklarda mallaryň içegesine ýel berlip, onuň daşy deri bilen gaplanyp top ýasalypdyr.

Hytaýlylar deriniň içine ýüň dykyp, top ýasapdyrlar.

Ilkinji Futbol federasiýalary

Aýak bilen oýnalýan pökgi dürli medeniýetlerde meňzeşräk bolup, häzirki futbola iň golaý görnüşi XVII asyrda Angliýada peýda bolupdyr. 1841-nji ýylda futbol topunyň şekili kesgitlenipdir. 1848-nji ýylda “Kembrij düzgünleri” atly futbol kadalary girizilipdir we bu düzgüne görä ilkinji duşuşyk Kembrijde talyplaryň arasynda geçirilipdir. 1855-nji ýylda iňlis topary ilkinji gezek daşary ýurda, ýagny Germaniýa futbol oýnamaga gidýär. Şondan soňra Germaniýada hem futbola gyzyklanma artyp başlaýar. 1857-nji ýylda Angliýada ilkinji futbol kluby “Shef-field Club” açylýar. 1863-nji ýylda ýurtda Futbol federasiýasy döredilýär. 1871-nji ýylda Angliýanyň Federasiýa Kubogy ýaryşy başlanýar. 1872-nji ýylda Angliýa bilen Şotlandiýanyň ýygyndy toparlarynyň arasynda ilkinji duşuşyk geçirilýär. Şondan soňraky ýyllarda Ýewropada we beýleki ýurtlarda futbol federasiýalary döredilýär we sportuň bu görnüşine täze düzgünler girizilip kämilleşdirilýär.

Amerika yklymynda bolsa, ilkinji futbol federasiýasynyň Argentinada esaslandyrylýar. 1904-nji ýylda Belgiýa, Fransiýa, Daniýa, Gollandiýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa döwletleri FIFA-ny (Halkara Futbol Assosiasiýalar Bileleşigi) döredýär. 1908-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda futbol Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär.

Ilkinji rezin top

1844-nji ýylda Çarlz Gudir wulkanizirlenýän reziniň patentini alandan soňra, futbol toplary has döwrebap ýagdaýda öndürilip başlanýar. 1950-nji ýyllarda ak reňkli futbol toplary, 1960-njy ýyllarda 20 altygyraň we 12 bäşgyraň bölekden tikilen toplar peýda bolýar. 1970-nji ýylda Meksikada geçirilen Dünýä çempionatynda telewizordan tomaşa edýänlere has gowy görünmegi üçin ak-gara toplarda oýnalýar.

Entek reňkli telewizorlaryň peýda bolmandygyny göz öňünde tutsaň, bu ýagdaý düşnükli bolsa gerek.Gara altygyraň şekiller futbolçylara-da topy aňsatlyk bilen yzarlamaga mümkinçilik döredýär. “Adidas”-yň çykaran “Telstar” atly toplary iň meşhur pökgi bolup, soňky ýyllarda geçirilýän dünýä çempionatlarynda oýnalýanlar hem şoňa meňzedilipdir.

Amanmyrat Baýmyradow, žurnalist

Ýene degişli makalalar

Braziliýa 3-nji gezek çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1970)
Taryhy ýeňişleriň başlangyjy ilkinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1974)
Kadaly uky näçe sagat bolmaly?
Gartaşan adamlara näçe wagtlyk ukynyň gerekdigi belli edildi
Ýamaýkanyň häkimiýetleri ýurdy Respublika diýip yglan etmekçi
Alymlar omikronyň näderejede howpludygyny anykladylar