Futbol boýunça Ýokary liganyň wekilleri ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler

Futbol boýunça Ýokary liganyň wekilleri ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň täze möwsümine taýýarlygyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň toparlary öz aralarynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler.

Geçen ýyl çempionaty kümüş medal bilen tamamlan Altyn asyr Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň futbol meýdanynda Köpetdagy kabul etdi. Toparlaryň täzelenen düzümindäki ýaş oýunçylaryň birnäçesine mümkinçilik berlen duşuşyk aragatnaşykçylaryň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Aşgabat stadionynyň ýanaşyk meýdanlarynyň birinde geçirilen duşuşykda Ahal paýtagtyň adybir toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Ahalyň gollaryny Döwran Hojamämmedow, Şöhrat Söýünow we Pirmyrat Sultanow geçiren bolsa, Aşgabatdan Bäşim Gurbanberdiýew tapawutlandy.

Türkmenistanyň çempionatynyň 1-nji tapgyrynda Köpetdag 14-nji aprel güni Türkmenbaşy şäheriniň Şagadamyny kabul eder. Altyn asyr 15-nji aprelde Aşgabatda Nebitçi bilen duşuşar. Şol gün Aşgabat futbol topary Maryda ýerli Merwiň myhmany bolar. Ahal bolsa şol gün öz meýdanynda Energetigi kabul eder.

Täze döredilen Arkadag futbol toparynyň birinji tapgyrda dynç aljakdygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÝL ― 2022: Aşgabat myhmançylykda Şagadamy ýeňdi
Nebitçi Bakuda geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň soňky oýnunda Sumgaitden üstün çykdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany