Futbol boýunça ýetginjekleriň arasynda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň bijeleri çekildi

Futbol boýunça ýetginjekleriň arasynda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň bijeleri çekildi

Tailandda şu ýylyň tomsunda geçiriljek 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndylarynyň arasyndaky Aziýanyň kubogynyň bijeleri çekildi.

Bije çekişlige gatnaşan 16 ýygyndy 4 toparça bölündi. Her toparçada dört ýygyndy ýerleşdi.

Şu ýylyň 15-nji iýuny ― 2-nji iýuly aralygynda Tailandda geçiriljek yklym ýaryşynyň iň gowy dört wekili ýene-de şu ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna ýollanma alar.

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň ýaryş bilen saýlama tapgyrda hoşlaşandygyny ýatladýarys.

Bije çekişligiň netijeleri:

А toparça: Tailand, Ýemen, Malaýziýa, Laos;

В toparça: Koreýa Respublikasy, Eýran, Owganystan, Katar;

С toparça: Täjigistan, Awstraliýa, Saud Arabystany, Hytaý;

D toparça: Ýaponiýa, Hindistan, Wýetnam, Özbegistan.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň reňkli myhmanhanalary
Türkmen futzalçylarynyň Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky ilkinji garşydaşy Gonkongyň ýygyndysy bolar
Türkmenistanyň U-20 zenanlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine dördünji torbadan gatnaşar
Dünýäniň reňkli myhmanhanalary
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Lawrow we Bruneýiň daşary işler ministri zenanlar hem-de erkekler barada degişdiler