Futbol boýunça Tütkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň aýgytlaýjy duşuşygy Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 14:00-da başlanar. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.
Bu gezekki Kubok ugrundaky bäsleşigiň finalynda “Ahal” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşarlar.
Ýeri gelende bellesek, “Ahal” topary finala barýan ýolda “Aşgabat” bilen “Altyn Asyr” toparlaryny, “Şagadam” bolsa “Merw” hem-de “Köpetdag” toparlaryny ýeňmegi başardy.
Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygy: 22.12.2021 ý. (çarşenbe)
“Ahal” “Şagadam” Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.) Başlanýan wagty: 14:00 Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: Pälwan Pälwanow (Daşoguz ş.), Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.) Ätiýaçdaky emin: Şageldi Hydyrow (Balkanabat ş.) Gözegçi emin: Maksat Seýitgulyýew (Aşgabat ş.) Duşuşygyň komissary: Rustam Japarow (Aşgabat ş.).