
FIFA taryhda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyny birbada üç yklymda bilelikde geçirmek barada çözgüt kabul etdi.
Has takygy, 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyny Urugwaý, Argentina, Paragwaý, Marokko, Ispaniýa we Portugaliýa bilelikde kabul eder. Mundialyň açylyş duşuşyklary we toparçalaýyn tapgyrdaky oýunlary Urugwaýda, Argentinada hem-de Paragwaýda geçiriler.
Ýeri gelende aýtsak, 2030-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň döredilenine 100 ýyl ozal. Ilkinji çempionat 1930-njy ýylda Urugwaýda geçirilipdi.