Futbol boýunça Aşgabadyň kubogynda 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

Futbol boýunça Aşgabadyň kubogynda 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

Futbol boýunça Aşgabat şäheriniň kubogy ugrundaky ýaryş şu gün 3-nji tapgyryň duşuşyklary bilen dowam eder. Birinji aýlawyň jemleýji tapgyry boljak duşuşyklarda Ahal-2 Aşgabat bilen, Köpetdag bolsa Altyn asyr bilen duşuşar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy duşuşyklar baradaky maglumaty paýlaşdy. Ine, duşuşyklaryň geçiriljek ýerleri, başlanjak wagty we eminleri baradaky maglumatlar:

13.05.2022 ý. (anna)

“Ahal II” “Aşgabat”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.) Başlanýan wagty: 15:30 Duşuşygyň emini: Begenç Allaberdiýew Kömekçi eminler: Ahmet Jumamyradow, Hanmyrat Gurbanow Ätiýaçdaky emin: Akmyrat Jumaýew Gözegçi emin: Eldar Ramazanow Oýnuň komissary: Hanmuhammet Atanyýazow

“Köpetdag” “Altyn Asyr”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.) Başlanýan wagty: 18:00 Duşuşygyň emini: Akmyrat Gurbanow Kömekçi eminler: Eziz Ýazmyradow, Myrat Nurberdiýew Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow Oýnuň komissary: Rustam Japarow.

Ýene degişli makalalar

Ahal taryhynda dördünji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp
Çarşenbe güni futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2024: 19-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawa badalga berilýär
TÝL ― 2023: 10-njy tapgyryň eminleri belli boldy
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrda ähli duşuşyklar geçiriler