Funikulýar: daga çykýan otlular

Ilkinji demir ýollar, esasan, demir, kömür ýaly dag-magdan önümlerini daşamak üçin gurlupdyr.Aşa köp ýüki aňsatlyk bilen daşamaga mümkinçilik berýän polat ýollar soňlugy bilen ýolagçy gatnatmakda we beýleki ugurlarda hem peýdalanylyp başlanypdyr.

Wagtyň geçmegi bilen tekiz poladyň üstünden süýnüp gidýän otlulary dagyň astyndan, belent gerişlerden, deňziň düýbünden geçirmek meselesi ýüze çykypdyr.Inženerler şol döwürde bar bolan tehniki mümkinçiliklerden we tehnologiýadan peýdalanyp, munuň iň aňsat we ygtybarly ýollaryny tapmaly bolupdyrlar.

Tekiz ýerde aňsatlyk bilen hereket edýän hem bolsa, sürtülmäniň azdygy sebäpli demir ýol ulagynyň dag gerişlerine çykmagynda kynçylyk döräpdir.Muňa çözgüt hökmünde inženerler demir ýoluň adaty iki relsiniň arasyndan çarhly (hyrly), iki trosy bolan ýene bir relsi çekýärler.

Demir ýol ulagynyň merkezinde ýerleşýän çarhly tigir şol hyrly demre mäkäm ýapyşyp, aňsatlyk bilen ýokary galypdyr.Bu çarhly ulgam demir ýol ulagy ýapgytdan aşak ineninde hem tizligini kadaly saklamaga ýardam edipdir.

Mundan başga-da, biri ýapgydyň aşagynda, beýlekisi ýokarsynda durup, biri-biriniň deňagramlylygyny sazlaýan iki otly şol bir ýolda garşylykly hereket edip, daga çykmak üçin biri-birine goldaw berýär.Haçanda biri-biriniň gabadyna gelende aýlawly geçelge arkaly orunlaryny çalyşýarlar.

Bu ýagdaý gezekli-gezegine gaýtalanyp durýar.Depelere barmak üçin ulanylýan adaty otludan has kiçi bolan bu demir ýol ulgamyna funikulýar diýilýär.

Funikulýar sözi latynça funiculus sözünden gelip çykyp, ýüp diýen manyny berýär. Taryhy maglumatlara görä, iň gadymy funikulýar otly Hoenzalsburg galasyna (Awstriýa) gatnaýan Raýssug hasaplanýar.

1500-nji ýyllarda işe girizilen bu arabajyk häzirki wagtda ýüpler hem-de elektrik hereketlendirijisi bilen hereket edýär. Gazetimiziň şu sanynda daglyk sebitlerde gurlan funikulýar demir ýol ulaglary baradaky gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.

Pilatus, Şweýsariýa. Lýuserne şäheriniň golaýynda 1889-njy ýylda işe girizilen bu inženerçilik taslamasy dünýädäki iň dik demir ýol hasaplanýar. Iň dik ýeri 48 dereje bolan uzynlygy 1635 metr depä galýan funikulýar otly Şweýsariýada Alp daglarynyň üstünden geçip, Pilatus dagynyň buzly gaýalaryna, Lýuserne kölüne çenli baryp ýetýär.

Oigawa, Ýaponiýa. Şizuoka sebitiniň çaýly meýdanlaryndan, bambuk tokaýlaryndan we Oi derýasynyň boýundaky alça baglaryndan geçip gidýän bu demir ýol daglyk sebitlere gezelenç etmek maksady bilen açylan Ýaponiýanyň ýeke-täk funikulýar ulgamydyr. 1927-nji ýylda gurlan demir ýoluň ugrunda 60 töweregi tunnel bar. Teplowozyň irki döwürleri ýadyňa salýan agaç wagonlarynda syýahatçylaryň ýapon tebigatyny synlamagyna mümkinçilik döreýär.

Şafberg, Awstriýa. Bug bilen hereket edip, dik ýokarlygyna çykýan Aws-triýanyň funikulýar otlusy 1893-nji ýyldan bäri kölüň kenaryndaky Wolfgangdan Şafbergiň depesine çenli ýolagçylary gatnadýar. 5,85 kilometr ýol geçýän otly 1200 metr beýiklige galýar. 35 minutlyk gezelençde gülli çemenlikleri, Alp daglarynyň merkezine uzap gidýän köli, Alp dagynyň tebigatyny we buzlugy synlap bolýar.

Nilgiri, Hindistan. 1908-nji ýylda Tamil-Nadu şäherinde gurlan, henizem bug lokomotiwleri bilen işleýän bu demir ýol Hindistanyň iň dik funikulýar ulgamy hasaplanýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu otly Mettupalaýamdan iň beýik stansiýa Utakamanda çenli gatnaw edýär.

Funikulýar demir ýolunyň ugrunda 16 tunnel, 250 köpri we 208 aýlawly öwrüm bar.Otly 46 kilometr ýol geçmek üçin bäş sagada golaý wagt sarp edýär.Hindi kinofilmleriniň esasy bezegine öwrülen bu otluda Nilgiri dagynyň tebigatyny we gözelliklerini synlamaga mümkinçilik döreýär.

Waşington-Kog, ABŞ. Waşington dagyna çykýan bu demir ýol Kog ady bilen tanalýar.Nýu-Hempşir şäherindäki funikulýar otly bioýangyç bilen işleýär.Demir ýoluň uzynlygy 5 kilometr bolup, otly Waşington dagynyň günbataryndaky 1917 metrlik (37%) beýiklige çykmak üçin bir sagatdan gowrak wagt sarp edýär.

Syýahatçylar funikulýar otly arkaly dagyň üstündäki dynç alyş merkezlerine baryp, dagyň tebigatyny synlap bilýärler.

Snowdon, Beýik Britaniýa. Uels şäheriniň demirgazyk-günbataryndaky Snowdon dagynyň depesindäki Snowdoniýa milli seýilgähine barýan bu otly 7,6 kilometr ýol geçip, 1065 metr beýiklige galýar. Angliýanyň ýeke-täk funikulýar otlusy bir asyrdan gowrak wagt bäri syýahatçylara hyzmat edýär. Bug lokomotiwi bilen işleýän otly gülli meýdanlardan, şaglawukly gaýalardan geçip, ýolagçylara tebigy gözellikleri synlamaga mümkinçilik döredýär.

Diakopton-Kalawrita, Gresiýa. 1896-njy ýylda açylan bu demir ýol Diakopton we Kalawrita şäherleriniň arasynda hereket edýän Gresiýanyň taryhy demir ýol ulgamydyr. Syýahatçylara funikulýar otly bilen 22 kilometrlik ýoluň dowamynda Korinf kanalynyň ýakasyndan, Wuraýkos jülgesinden geçip, bir sagatlyk gezelenjiň dowamynda dag tebigatyny, şarlawuklary synlamaga şert döreýär.

Ýene degişli makalalar

Meşhur wideo oýun esasynda serial surata düşüriler
Çawuşogly: "Iň uly söwda gatnaşyklary Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda" diýdi
Türkmenistan we HZG pagta pudagynda mynasyp iş üpjünçiligini maslahatlaşdylar
Halkara Zähmet Guramasy bilen pagta pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça duşuşyk geçirildi
Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryna saparlaryny guramak meýilleşdirilýär