Türkiýe 7 aýlyk funduk eksportundan 1 milliard 413 million dollardan gowrak girdeji gazandy.
Gara deňiz Funduk we funduk önümleri eksportçylar bileleşiginden berlen ýazmaça beýannamada, 1-nji sentýabrda başlan 2023-2024 eksport möwsüminiň 7 aýlyk görkezijileri hakynda maglumat berildi.
Beýannamada, 2023-nji ýylyň 1-nji awgustundan 2024-nji ýylyň 31-nji martyna çenli daşary ýurtlara 191 müň 34 fonna funduk eksport edilip 1 milliard 413 million 807 müň 470 dollarlyk girdeji gazanylandygy nygtaldy.
Beýannamada, geçen möwsümiň degişli döwründe bolsa 201 müň 95 tonna funduk eksport edilip 1 milliard 191 million 781 müň 28 dollarlyk girdeji gazanylandygy ýatladyldy.