“Fulham” “Premier Liga” dolandy

Angliýanyň “Premier Ligasynda” çykyş etmäge hukuk gazanan 3-nji topar Londonyň wekili “Fulham” boldy.Ol “Championship”-iň pleý-off tapgyrynyň finalynda “Brentforddan” goşmaça wagtda 2-1 üstün çykdy.

Esasy wagty golsuz geçen oýunda londonlylaryň 2 goluny-da 105-nji we 117-nji minutlarda Jou Braýan derwezä girizdi. “Brentforduň” ýeke-täk goluny bolsa 120+4-nji minutda Henrik Dalsgaard öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, “Fulham” 1 ýyllyk arakesmeden soň, täzeden “Premier Liga” dolandy. “Fulhamdan” ozal, “Championship”-i 1-2-nji orunlarda tamamlan “Lids Ýunaýted” bilen “West Bromwiç Albion” toparlary “Premier Liga” çykypdy.

Ýene degişli makalalar

“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun
“Premier Liganyň” taryhynda 2-nji gezek
Hepdäniň täze animasiýalary
Premier Liganyň 50-nji topary Brentford
Ozalky meşhur futbolçy tälimçilik wezipesinden boşadyldy
92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy