Fukusimada haýwanlaryň täze görnüşi ýüze çykaryldy

Fukusimada haýwanlaryň täze görnüşi ýüze çykaryldy

2011-nji ýylda Ýaponiýanyň Fukusima atom elektrik stansiýasynda bolup geçen heläkçilik haýwanlaryň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyna getirdi. Olar ýabany ýekegapanlaryň we öý doňuzlarynyň birleşmesi diýip, Proceedings of the Royal Society B: Biological Sciences neşiri ýazýar. Bu baradaky maglumatlary mir24.tv ýetirýär.

Alymlar radiasiýanyň haýwanlaryň genetikasyna täsir etmändigi hakynda netijä geldiler.Olar bu ýerde ýaşamagyny dowam edip, hatda nesil berdiler.Atom stansiýasynyň heläkçiliginden zeperlenen sebiti adamlar taşlap gidenlerinden soňra, bu ýerde ýabany ýekegapanlar gözegçiliksiz köpelip başladylar.

Soňlugy bilen olar golaýdaky fermalardan gaçyp gelýän öý doňuzlary bilen täze görnüşli jandary emele getirdiler.Fukusima uniwersitetiniň wekilleri ylmy işleriniň çäginde bu ýerde ýaşaýan ýekegapanlaryň 243-siniň DNK-synyň nusgalaryny seljerdiler.

Barlaglaryň netijeleri olaryň 31-siniň (16 göterim) gibrid görnüşindedigini görkezdi.Alymlar bu ýagdaýyň bir görnüşden başga görnüşe genetiki maglumatlaryň geçirilmegi esasynda ýüze çykandygy hakynda netijä geldiler.Geljekde bu gidrid jandarlarynyň ekoulgamdaky ornuna we olary oba hojalygynda ulanmagyň mümkinçiliklerine baha bermek gerek bolar. Şunlukda, alymlar haýwanlaryň radiasiýa hadysasyndan kösenendigine garamazdan, onuň jandarlaryň reproduktiw funksiýasyna täsir etmändigini bellediler.

Ýene degişli makalalar

Alymlar umumy meýdany 180 inedördül metr bolan dünýädäki iň uly ösümligi tapdylar
Yssy howa ýaşaýyş üçin howply diýlip ykrar edildi
Alymlar haýsy ýurtda iň az çepbekeýleriň ýaşaýandygyny anykladylar
Maýmynlarda ýumor duýgusynyň bardygy belli boldy
Alymlar haýwanlaryň ýok bolup barýan görnüşlerini Aýa ibermegi teklip etdiler
“Putin Ukraina Bilen Stambulda Başlan Parahatçylyk Gepleşiklerine Uly Ynam Bildirýär”