Fuat Oktaý: “Türkmen gazyny Türkiýä akdyrmak bilen ilteşikli işler tamamlanýar”

Fuat Oktaý: “Türkmen gazyny Türkiýä akdyrmak bilen ilteşikli işler tamamlanýar”

1-nji iýulda Türkmenistana resmi sapara baran Türkiýäniň prezidentiniň kömekçisi Fuat Oktaý 3-nji iýulda Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň rezidensinde metbugat üçin ýygnak berdi diýip türk mediasy ýazýar.

Fuat Oktaý öz çykyşynda Türki Döwletleri Guramasynyň Özbegistanda geçjek nobatdaky duşuşygynda synçy durumyna eýe Türkmenistanyň gurama doly hukukly agza bolmagyny arzuw edýändiklerini aýtdy.

Türkmen-Türk hökümetara ykdysady toparynyň (komissiýanyň) Aşgabatdaky maslahatyna gatnaşan emeldar maslahatda syýasy, ykdysady we beýleki gatnaşyklary bir ramkanyň içinde goýmak şansyna eýe bolandyklaryny nygtady.

72 maddadan ybarat ýol kartasynyň’ düzülendigini bellän Oktaý, häzir 2 milýard dollar çemesi bolan özara söwdany 2022-nji ýylyň ahyryna çenli 3 milýarda, soňra 5 milýarda we ahyrynda 10 milýard dollara ýetirmegi maksat edýändiklerini sözüne goşdy.

Energiýa, ulag, oba hojalygy, gurluşyk we saglyk pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly işleriň durmuşa geçirilýändigini bellän emeldar türkmen tebigy gazyny Türkiýä akdyrmak üçin birnäçe alternatiň bardygyny belledi.

“Hazar arkaly TANAP taslamasyny ulanmak, SWAP ylalaşygy hem gämiler hem soňra turbalar arkaly türkmen gazyny akdyrmak ýaly 3 alternatiwa boýunça işleýäris we nesip bolsa, pellehana ýakyn geldik” diýip türk prezidentiniň kömekçisi aýdýar.

Ol bu taslama babatda prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem uly kömeginiň bardygyny nygtady.

Fuat Oktaý metbugat ýygnagyndan soňra Spor meýdançasynda at üstündäki milli oýunlara tomaşa etdi, Haly müzeýine baryp gördi. Ol bu saparynyň dowamynda prezident Berdimuhamedow, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen duşuşdy diýip türk mediasy ýazýar.

Ýeri gelende bellesek, golaýda dünýäniň tüçjar baýlary barada maglumatlar berýän ABŞ-niň “Forbes” jurnaly 2022-nji ýyl boýunça beren maglumatlarynda Türkiýäniň milýarderleri baradaky sanawda 30 ýyl çemesi Türkmenistanda söwda işlerini edýän we öňki prezidentleriň ýakyn dostlary hasaplanýan, “Rönesans Holdingiň” hojaýyny Erman Ylyjagyň 4-nji oruny, “Çalyk Holdingiň” eýesi Ahmet Çalygyň 11-nji oruny eýeländigi habar berildi.

Şeýlede geçen hepde Türkmenistanyň KHS prezident Berdimuhamedowyň milýarderler Ahmet Çalygy, Erman Ylyjagy we mundan birnäçe ýyl owal Türkmenistany gaharly’ terk eden “Polimeks” şirketiniň başlygy Erol Tabançyny Aşgabatda kabul edendigini ýazdylar.The post Fuat Oktaý: “Türkmen gazyny Türkiýä akdyrmak bilen ilteşikli işler tamamlanýar” first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 284 Adama Ýetdi
Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary
Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi
Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi