Hepdelik tapgýrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda türk edebiýat taryhçylygyny esaslandyryjy, türki dünýä boýunça ylmy-barlaglarda täze gözýetim açan alym, ýazyjy, syýasatçy we döwlet adamsy Mehmet Fuat Köprüli hakynda maglumat bermekçi.
“Bu dünýä ikinji gezek gelsem şol bir ýoldan ýöremekde ikirjiňlenmezdim” diýen Fuat Köprüli, türk halk edebiýaty boýunça eden işleri bilen bilelikde türkologiýada täzelikler eden alymlardan biridir. Ýazyjy 1890-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Stambulda dünýä inýär.
Kakasy Ismail Faiz Beý Beýogly jenaýat kazyýetiniň baş kätibi, atasy Ahmet Ziýa Beý bolsa Buharestde Ilçi bolup işläpdir.Ejesi Hatyja hanym İslimiýe ulamasyndan Arif Hikmet Efendiniň gyzydyr.Onunjy arkasy Baş wezir Köprüli Mehmed Paşa çenli baryp ýetýär.
Özüniň beýan etmegine görä başlangyç bilimi rüşdiýede alýar.Aýasofýa rüşdiýesini gutarandan soň Merjan İdadisinde okaýar.Idadide daşary ýurt dillerini öwrenmäge başlaýar.Pars dilini rüşdiýede öwrenip, idadi ýyllarynda arap we fransuz dillerini öwrenýär.
Uzak ýyllar soň “Les Nuwelles Litteraires” žurnalyna beren interwýusynda 18 ýaşynda liseýi gutaran biri hökmünde fransuz klassiklerini we esasanda 19-njy asyr edebiýatyny ýeterlik derejede bilýändigini beýan edýär. 1907-nji ýylda Hukuk mekdebine girýär.
Emma ony üçünji synpda taşlaýar.Fuat Köprüli şondan soň maşgala kitaphanasynda özüni ýetişdirmäge gönükýär.Merjan, Kabataş, Galatasaraý we Stambul liseýlerinde mugallymçylyk eden Köprüli, 1913-nji ýylda Stambul uniwersitetinde “Türk edebiýatynyň taryhy” boýunça mugallymçylyk etmäge başlaýar.
Ylmy barlaglaryny dowam etdiren Köprüli, 1913-nji ýylda “Bil” žurnalynda çap edilen “Türk edebiýat taryhynda usul” atly makalasy bilen türkologiýada meşhurlyga tarap başlangyç edýär.Döwrüň türkçi pikirleriniň täsirlerinde galan Köprüli, özüni yzgiderli häsýetde kämilleşdirip, ylmy taýdan üstünliklerini dowam etdirýär.
Türki dünýä bilen bagly taryhdan öz döwrüne çenli ähli ugurda ylmy barlaglar geçirip, geljek nesle uly goşant goşýar.Edebiýatyň nähili öwrenilmelidigi boýunça usulyýeti öwrenip, diňe bir Türkiýede däl, eýsem türki dünýäniň alymlaryna hem görelde boldy.
Döwrebap edebiýat taryhçylygynyň esaslandyryjy bolan Fuat Köprüli, edebiýat, sosiologiýa, medeniýet, din, tasawwuf, dil, hukuk, ykdysat, saz, syýasat ýaly ugurlarda eserler ýazýar. “Türk Ýurdy”, “Serweti Funun”, “Milli Tetebbular” “Ýeni Mejmua” žurnallarynda we gündelik gazetlerde çykan makalalary bilen meşhurlyk gazanýar.
Ylmy barlaglarynyň ýany bilen syýasy işlere hem işjeň gatnaşýar.Fuat Köprüli Daşary işler ministri bolup işlän döwründe Türkiýäniň NATO, Balkan Paktyna we Bagdat Paktyna agza bolmagy, Koreýa goşun ugratmak ýaly ençeme meselede möhüm pozisiýa eýeleýär. 1958-nji ýylda Garward uniwersitetinde türk taryhy boýunça ylmy barlaglar geçirmek üçin bir ýyllygyna ABŞ-na çagyrylýar. 1966-njy ýylda Ankarada ulag-ýol heläkçiliginde dünýeden ötýär we Stambulda jaýlanýar.
Ýurdy üçin uly işler eden Köprüli 1500-den gowrak makaladyr kitap ýazdy. Ol ýazan işleri we işjeňligi hem-de usulyýete bolan ünslüligi netijesinde Türkiýede “Döwrebap taryhçylygyň atasy” hökmünde atlandyrylmaga mynasyp görülýär.
20-nji asyr Türkiýesinde ýetişen seýrek we abraýly adamlardan biri bolan Professor Fuat Köprüliniň ömri we döredijiligi hakynda ençeme iş bar. Onuň ömri, döredijiligi, makalalary we kitaplary boýunça ylmy-barlaglar dowam edýär.