Gulçulygyň häzirki zaman formalarynyň garşysyna göreşýän iri hökümetden aýry gurama bolan “Freedom United” Türkmenistanda pagta ýygymy möwsüminde merjbury zähmetiň ulanylmagy boiýunça garaşsyz monitoring geçiren Gaspar Matalaýewiň azat edilmegi üçn kampaniýa başlady diýip, “Gündogar” saýty “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” (TAH) proýektine salgylanyp ýazýar.
2016-njy ýylyň oktýabrynda, G.Matalaýewiň Labap welaýatynyň Farap etrabyndan taýýarlan fotoreportažy internetde çap edileninden iki gün soň, Türkmenistanyň prezidenti milli howpsuzlyk ministri Döwrangeldi Baýramowa berk käýinç berdi we şondan bir aý soň TAH-yň synçysy Matalaýew tussag astyna alnyp, galplaşdyrylan kezzaplyk aýyplamalary esasynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, derňew mahalynda onuň elktrik togy bilen gynalandygy mälim diýip, habarda aýdylýar.
“Onuň tagallasy döwletiň ýylda jezalandyrmak wehimi astynda on müňlerçe adamy mejbury pagta ýygmak kompaniýasyna sürmegine ünsi çekmäge kömek etdi diýip, kampaniýanyň beýanatynda aýdylýar. Halkara jemgyýetçiliginiň Gasparowy we başga adamlara kömek üçin öz janyny howp astyna salýan beýleki batyrgaý hukuk goraýjylary goldamak hereketine çagyryp çykyş etmegine wagt boldy.”
Häzirki wagtda G.Matalaýewi azat etmek baradaky petisiýa 33 müňe golaý adam gol çekdi.
Adam hukuklary komitetiniň mart aýynda Türkmenistana beren jemleýji rekomendasiýalarynda BMG türkmen häkimiýetleriniň pagta ýygymy möwsüminde mejbury zähmeti giňden ulanmagy, şeýle-de bu hili faktlary dokumentleşdirýän adamlary, şol sanda G.Matalaýei tussag etmegi barada alada bildirdi.