Freedom House: Dünýäde demokratiýa “barha pese gaçýar”; Türkmenistan "erbetleriň erbedi"

Freedom House: Dünýäde demokratiýa “barha pese gaçýar”; Türkmenistan "erbetleriň erbedi"

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Freedom House, ýagny Azat Öý guramasy 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy, ykdysady nämälimlik we konfliktler dünýä boýunça azatlygyň pese gaçmagyna sebäp bolandygyny aýdýar.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän guramanyň 3-nji martda çap bolan ýyllyk hasabatynda dünýäde soňky 15 ýylyň dowamynda “azat däl” diýlip häsiýetlendirilen döwletleriň sanynyň rekord derejä, 54-e ýetendigi bellenilýär.

Freedom House öz hasabatlarynda Türkmenistany ýyldan-ýyla “azat däl” döwletleriň hatarynda, "erbetleriň erbedi" sanawynda ýerleşdirip gelýär.

Bu ýylky hasabatda oňa azatlygyň indeksi boýunça, Günota Sudan we Eritrea bilen birlikde 2 bal berlipdir. Bellemeli ýeri, Demirgazyk Koreýa bu indeks boýunça 3 bal berlipdir.

Demokratik görkezijiler boýunça Türkmenistana 0 bal berlip, ol “berk awtoritar režimli” ýurt hökmünde häsiýetlendirilipdir.

Hasabatda Türkmenistanyň, Nikaragua bilen birlikde özüni hakykatdan daşlaşdyryp, ýurduň çäginde koronawirus pandemiýasynyň bardygyny asla-da ykrar etmändigi bellenilýär.

Türkmen häkimiýetleri Azatlyk Radiosynda we beýleki garaşsyz çeşmelerde ýurtda COVID-19-a ýolugýanlar, ondan heläk bolýanlar barada berilýän aladaly maglumatlara garamazdan, häzirki güne çenli bu ölüm howply ýokunjyň ýeke ýagdaýyny hem hasaba alman gelýärler.

Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri geçen ýylyň iýulyndan bäri dürli gadagançylyklary, şol sanda halkara we içerki gatnaw çäklendirmelerini girizdiler. Türkmenistanyň hökümeti bulary gönümel koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşdyrman, olaryň “ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleriniň çäginde” geçirilýändigini öňe sürýärler we olaryň möhletini dowamly uzaldyp gelýärler.

Freedom House guramasynyň hasabatynda ýurt boýunça berlen synda syýasy hukuklar we raýat azatlygy boýunça has köp pese gaçan döwletleriň arasynda Gyrgyzystan we Belarus hem bar.

Bu aralykda, Demirgazyk Makedoniýa azatlyk babatynda iň uly ösüşi görkezen döwlet boldy.

Hasabatda syn berlen ýurtlaryň 73-inde azatlyk görkezijileriniň pese gaçandygy, munuň diňe bir Hytaý, Belarus we Wenezuela ýaly awtoritar döwletler bilen çäklenmän, Birleşen Ştatlar we Hindistan ýaly “aladaly demokratiýalar” ýaly döwletlerde hem ýüze çykandygy bellenilýär.

Hasabatda 2020-nji ýylda “demokratiýa ugrunda göreşijileriň awtoritar garşydaşlary bilen göreşlerinde uly ýitgileri çekendigi, munuň netijesidne halkara deňagramlygyň diýdimzorlaryň haýryna agandygy” hem nygtalýar.

“Häkimiýet başyndaky liderler kä halatlarda ilatyň saglygynyň aladasy bahanasy bilen, öz garşydaşlaryny basyp ýatyrmak üçin barha köp güýç ulandylar. Şol bir wagtda, muňa garşy çykýan aktiwistler ýeterlik halkara goldawyň bolmandygy sebäpli türme tussaglygyna, gynamalara sezewar boldular, köp halatlarda hem öldürildiler” diýip, hasabatda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň jemleri 2024: Türkmenistan transmilli repressiýada "öňe saýlanan" ýurtlaryň biri boldy
Türkmenistan ýene 'azat däl', 'ýaramazlaryň ýaramazy' boldy
Býujet işgärleri: Mejbury ýazylan gazet-žurnallarymyz öýlerimize gowşurylmaýar
“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär
Diňle: Türkmenistan transmilli repressiýada ilkinji bäşlige girdi
Türkmenistan transmilli repressiýada ilkinji bäşlige girdi