26-njy iýulda Nigeriýada häkimiýeti ele geçiren Watany halas ediji milli geňeş atly harby huntanyň ýolbaşçysy Abdurrahman Çiani fransuz raýatlarynyň Nigerden gitmegi üçin hiç hili sebäbiň ýokdugyny aýtdy.
Çiani 3-nji awgust garaşsyzlyk güni mynasybetletli döwlet teleýaýlymynda beýannama berdi.
Günbatar Arfika Döwletleriniň Ykdysady Bileleşiginiň Nigere goýan sanksiýalarynyň “bikanun, haksyz we gödeklikdigini” beýan eden Çiani, bu sanksiýalaryň Nigeriň halkyny hasam ýoksullaşdyrjakdygyny nygtady.
Çiani ýurtdan giden fransuzlar hakynda bolsa; “Fransuz raýatlarynyň Nigerden gitmekleri üçin hiç hili anyk sebäp ýok. Olar üçin kiçijik howp hem ýokdy” diýdi.
Fransiýanyň harby hyzmatdaşlygy bes etmek hakyndaky kararyny tankyt eden Çiani; “Terrorizme garşy göreşe goldaw berýändiklerini aýdýanlar, kiçijik kynçylykda harby hyzmatdaşlygy bes edýärler” diýdi.