Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ýurduň täze Hökümet başlygyny belledi, ol 73 ýaşly Fransua Baýru. Ol Prezidentiň tarapdary bolan Bilelikde atly syýasy bileleşigine girýän Demokratik hereket liberal partiýasynyň ýolbaşçysydyr diýip, MIR 24 habar berdi.
Täze Premýer-ministr 1993-1997-nji ýyllarda Fransiýanyň milli bilim ministri boldy, 2017-nji ýylda Ýustisiýa ministrligine ýolbaşçylyk etdi. Ol şeýle-de 2002, 2007 we 2012-nji ýyllarda Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik etdi.
Fransiýanyň öňki Premýer-ministri Mişel Barnýe ynam etmezlik wotumy bildirildi we ol iş başyndan gitdi.