Fransiýanyň ýaşaýjysy “EuroMillions” lotereýasynda 200 mln ýewro utdy, bu ýurt we oýnuň Ýewropadaky tutuş taryhynda rekord möçberli utuşdyr. Bu barada “Mirror” neşirine salgylanmak bilen gazeta.ru habar berýär.
Ýeňiji 50 sandan bäş sanyň ählisini 6, 9, 13, 24 we 41-i, şeýle-de iki sany “bagtly ýyldyz belgisini” 3 we 12-ni bildi.Indi onuň arza berip, baýragyny almagy üçin 120 gün berilýär.
Ondan öň 60 gün berilýärdi, ýöne koronawirus pandemiýasy we girizilen çäklendirmeler sebäpli möhlet uzaldyldy. Ýeňiji alan puluna iki sany Airbus A320 uçaryny, 4 müňden gowrak altyn tokgalaryny, dünýäde iň gymmat myhmanhana otagynda (Las-Wegasda Palms Casino Resort myhmanhanasynda) 2430 gijäni ýa-da 12 sany Bugatti’s The Black Car giperkaryny satyn alyp biler. Öňki Ýewropa rekordy 2019-njy ýylda 190 million ýewro utan Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy tarapyndan goýuldy.
Fransiýada iň uly utuş 2012-nji ýylda 170 million ýewro boldy.EuroMillions Beýik Britaniýada, Fransiýada, Ispaniýada, Awstriýada, Belgiýada, Irlandiýada, Lýuksemburgda, Portugaliýada we Şweýsariýada geçýän milletara lotereýasy.