Fransiýanyň täze Premýer-ministri

Şu wagta çenli Zähmet ministrligine ýolbaşçylyk eden Elizabet Born Fransiýanyň täze Premýer-ministri boldy. Bu barada Ýeliseý köşgüniň beýanatynda mälim edilýär. Beýanatda Respublikanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Elizabet Borny ýurduň Premýer-ministri wezipesine belländigi we oňa täze hökümet gurmagy tabşyrandygy habar berilýär.

Elizabet Born 2020-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Ministrler Kabinetine ýolbaşçylyk eden we wezipesinden çekilen Žan Kasteksiň ýerine geçdi.Born Fransiýanyň taryhynda Premýer-ministr wezipesine bellenen ikinji zenandyr.

Ol Ýeliseý köşgünde Makron bilen duşuşandan soň, özüniň täze iş ýeri Matignon köşgüne tarap ugrady.Ol ýakyn günlerde täze Ministrler Kabinetini düzer. 12-nji 19-njy iýunda iki tapgyrda geçiriljek parlament saýlawlaryna taýýarlyk işleri onuň esasy wezipesi bolar.

Elizabet Born 61 ýaşynda.Ol Fransiýanyň iň gowy iki inženerçilik uniwersitetleri bolan Politehniki mekdebi we Milli köprüler we ýollar mekdebini tamamlady.Ol ulag, ekologiýa, zähmet ýaly üç sany täsirli ministrlige yzygiderli ýolbaşçylyk etdi.

Born uzak wagtlap Sosialistik partiýanyň taslamalary bilen gyzyklanyp, 2017-nji ýylda geçirilen saýlawlarda Makronyň dalaşgärligini goldady, soňra bolsa onuň häzirki “Galkynyş” adyny göterýän hereketine goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Fransiýanyň taryhynda iň ýaş Hökümet başlygy bellendi
Elektron çilimleriň satuwy gadagan edildi
Pensiýa ýaşy ýokarlandyrylar
Fransiýanyň öňki Prezidenti Olland näçe pensiýa alýandygyny aýtdy
Fransiýada Köçeler Dartgynlaşýar
Parižiň köçelerinde 3 müň tonnadan gowrak zir-zibil toplandy
Fransiýada täzelenen hökümet işe başlady