Fransiýanyň Prezidenti Makrona Sahel hakyndaky analizleri sebäpli garşylyk güýçlenýär

Fransiýanyň Prezidenti Makrona Sahel hakyndaky analizleri sebäpli garşylyk güýçlenýär

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Afrika ýurtlarynyň Saheldäki pitnelere garşy Fransiýanyň eden harby tagallalaryna “sagbolsun aýtmagy ýatdan çykarandygyny” gümansyratmagyndan soň berk tankyt edildi.

Makronuň fransuz ilçileri bilen geçiren duşuşygynda eden çykyşy sebäpli Günbatar Afrika bilen gatnaşyklaryň gowşaýan döwründe täze kolonializm günäkärlemelerine sebäp bolandygy beýan edilýär.

Fransiýa Malide, Burkino Fasoda we Nigerde edilen agdarlyşyklardan soň adybir ýutlardan goşunlaryny çykardy.

Bir wagtlar ýaran bolan Senegal we Çad hem indi fransuz goşunynyň ýurtdan gitmegini talap edýär.

Ol hem Fransiýanyň sebitdäki pozisiýasynyň düýpgöter üýtgeýändigini alamatlandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Pezeşkian Makron Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Eýranyň prezidenti Ysraýyla duýduryş berdi
Fransiýanyň Premýer-ministri Attal Wezipesinden Çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Prezidentini Bastiliýanyň eýelenen güni bilen gutlady
Makron Fransiýanyň Premýer-ministrinden wagtlaýyn wezipesinde galmagyny haýyş etdi
Fransiýanyň hökümet başlygy Attal iş başyndan gitmekçidigini yglan etdi