Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň Premýer-ministr Gabriel Attalaryň arzasyny kabul etdi.
Mesele hakynda berlen beýannama görä, arzasy kabul edilen Attal, täze hökümet gurulýança wezipesini dowam etdirer.
Premýer-ministr Attal, üstümizdäki aýyň başynda geçirlen saýlawlarda çepçi partiýalaryň üstünlik gazanmagyndan soň wezipesinden çekilmek üçin Prezident Emmanuel Makron bilen duşuşypdy.
Makronyň duşuşykda Attaldan durnuklylygyň ýola goýulmagy maksady bilen häzirlikçe wezipesini dowam etdirmegini isländigi nygtalypdy.