Fransiýanyň öňki Prezidenti Olland näçe pensiýa alýandygyny aýtdy

Fransiýanyň öňki Prezidenti Olland näçe pensiýa alýandygyny aýtdy

Fransiýanyň öňki Prezidenti Fransua Olland döwletden 12 müň ýewro möçberinde pensiýa alýandygyny gürrüň berdi. Ol bu barada RMC radioýaýlymynda aýtdy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Öňki döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, onuň Prezidentlik işi üçin pensiýasy 4 müň ýewro deň, Hasap palatasynda işleýändigi üçin 4 müň ýewro töweregi hak alýar, şeýle-de onuň parlament pensiýasy-da bar. Meniň aýlyk girdejim 11-12 müň ýewro töweregi çykýar diýip, Olland nygtady.

Fransiýada ortaça pensiýanyň möçberi geçen 2022-nji ýylda 1509 ýewro ýa-da sap girdejiniň 1400 ýewro möçberinde hasaba alnypdy.

Öň ýurduň premýer-ministri Elizabet Born Fransiýanyň hökümetiniň pensiýa ýaşy babatda ylalaşykly nusgada — 62 ýaşyň ýerine 64 ýaşda saklanandygyny habar berdi. Bu çözgüt ýurtda nägilelik çykyşlaryna getirdi.

Ýene degişli makalalar

Fransua Baýru Fransiýanyň täze Premýer-ministri boldy
Kanadada Huawei we ZTE kompaniýalarynyň önümlerini ulanmak gadagan edildi
Ikinji möhlet üçin kasam kabul etdi
Emmanuel Makron ýaňadandan Prezident wezipesine saýlandy
Hemmelere elýeterli ulag bolar
“Oskaryň” iki gezek eýesi edebi ogurlykda günäli diýlip ykrar edildi