Fransiýanyň mejlisine ilkinji gezek zenan başlyk saýlandy

Hökümete tarapdar köplügiň dalaşgäri, “Öňe Respublika” partiýanyň agzasy Ýael Braun-Piwe Fransiýanyň täze mejlisiniň başlyklygyna saýlandy.Ol ýurduň taryhynda bu wezipäni eýelän ilkinji zenan boldy.Braun-Piwe 51 ýaşynda.

Ol bilimi boýunça aklawçy, 1930-njy ýyllarda Fransiýa göçüp baran polýak immigrantynyň gyzy.Ol 2017-nji ýylda ilkinji gezek parlamente saýlananda, Milli mejlisiň kanun çykaryjy toparyna ýolbaşçylyk etdi.

20-nji maýda Premýer-ministr Elizabet Bornyň hökümet düzümine giren Ýael Braun-Piwe 25-nji iýunda Ministrler Kabinetinden çykdy we başlygyň ornuna bäsleşmek maksady bilen mejlise dolanyp geldi.

Onuň garşydaşlary sagçy partiýa – “Respublikaçylar”-dan Anni Ženewar we sagçy “Milli bileleşigiň” agzasy Sebastýan Şenýu boldy.Belläp geçsek 19-njy iýunda Fransiýada parlament saýlawlarynyň geçirildi.Onuň netijelerine görä, Makronyň bileleşigi Milli mejlisde 245 orna eýe bolup, ýüz töweregi ses ýitirensoň aşaky palata doly gözegçiligi saklap bilmedi.

Ýene degişli makalalar

Geçen möwsümiň tersine
ABŞ-ly senatorlar syýasy tussaglary boşatmaga Berdimuhamedowy çagyrýarlar
Rodriges UFC Fight Night ýaryşynyň esasy söweşinde Dernden üstün çykdy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Olimpiadanyň ilkinji rekordy: oýunlara 12 ýaşly skeýtbordçy gatnaşar
Ilkinji kosmos myhmanhanasy açylar