Fransiýanyň hökümet başlygy Attal iş başyndan gitmekçidigini yglan etdi

Fransiýanyň hökümet başlygy Attal iş başyndan gitmekçidigini yglan etdi

Fransiýanyň premýer-ministri Gabriel Attal 8-nji iýulda Republikanyň Prezidenti Emmanuel Makrona iş başyndan gitmek barada ýüz tutjakdygyny habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Demokratiki däplere laýyklykda, 8-nji iýulda men ir bilen Respublikanyň Prezidentine özümiň iş başyndan gitmekçidigimi habar bererin diýip, Attal ýurtda möhletinden öňki Parlament saýlawlarynyň deslapky jemleri çap edilenden soňra aýtdy. Onuň çykyşyny BFMTV teleýaýlymy görkezdi. Attal şeýle-de, özüniň hökümet başlygynyň wezipesini näçe gerek bolsa, ýerine ýetirmäge taýýardygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ýene degişli makalalar

Fransiýanyň Premýer-ministri Attal Wezipesinden Çekildi
Makron Fransiýanyň Premýer-ministrinden wagtlaýyn wezipesinde galmagyny haýyş etdi
Fransiýada hökümet başlygy işinden gider
Fransiýanyň taryhynda iň ýaş Hökümet başlygy bellendi
Fransiýada Ukraina bilen baglaşylan howpsuzlyk şertnamasy mejlis tarapyndan kabul edildi
Fransiýada täzelenen hökümet işe başlady