Fransiýaly nakgaş zenan Iris Fossýe aşgabatlylary öz döredijiligi bilen tanyşdyrdy

Fransiýaly nakgaş Iris Fossýeniň Fransuz institutynda açylan işleriniň sergisi ussat nakgaşlaryň, şeýle hem şekillendiriş sungatynyň muşdaklarynyň ünsüni özüne çekdi.Parižiň Bezeg sungaty ýokary mekdebiniň we Nepis sungatlar ýokary mekdebiniň uçurymy Iris Fossýe dünýä üýtgeşik göwnaçyk we şadyýan garaýyşly awangard usula ýykgyn edýän nakgaş. Şonuň üçinem onuň eserleri aýratyn özüne çekiji çykýar.

Iris ýelim we krahmaldyr kagyzlardan - papýe-maşeden bezegli zatlary ýasaýar.Olar, esasan, üýtgeşik şekilli, birneme süýnmek hem-de ýasyrak çaý we kofe gaplarydyr.Gaplaryň bir-ä asyl kontur şekilli ýasalypdyr.

Irisiň eserleri Parižde, Brýusselde, Madridde, Londonda sergilerde görkezilip, häzirkizaman sungatynyň muşdaklary tarapyndan oňyn seslenme tapdy.Dogrusy, olar sergä gelen aşgabatlylarda-da özboluşlylygy bilen uly täsir galdyrdy.Kagyzdan ýasalan çaý üçin gaplar kiçi görnüşli heýkellere degişli bolsa-da, Iris Fossýe diňe bir heýkeltaraş bolman, eýsem žiwopisçem.

Deňizler, uç-gyraksyz suw tekizligi gurşap duran kiçeňräk gämiler hem-de haýwanlar şekillendirilen ýordumlar ony özüne maýyl edýär. Şunda hem onuň awangardçy nakgaşlygy ýüze çykýar.Ol surat çekmekde özboluşly tilsim ulanýar, Türkmenistandaky Fransuz institutynyň okuwçylary bilen ussatlyk sapagynyň çäklerinde nakgaş bu usulyň syrlary barada gürrüň berdi.

Ol ilki papýe-maşe ýumşak wagty oňa haşam salýar, soňra ony basyşdyryp, emele gelen relýef surata reňk çalýar.Iris Fossýe çagalar üçin kitaplaryň suratyny hem çekýär. 2012-nji ýylda onuň “Fanfan” atly kitap-albomy neşir edildi, indi bolsa “Bir+bir = üç” neşiri çapa taýýarlaýar, onda altyn haşam ulanylar.

Sergä gelenlere “Fanfan” albomyndan serçeler, žiraflar, agaçlar, maýmyn, münberdäki düýeguş, indeýler we ş.m.käbir suratlar görkezildi.Iris Fossýeniň eserleri bilen tanyşlykdan soň sergi barada onuň türkmen kärdeşleriniň pikirini bilmek isledim.

Sýurrealist Aýýa Surhenowa söhbetdeşlikde fransuz nakgaşynyň hasam grafiki işlerini halandygyny aýtdy.Kiçijik eserler ussady Täçjemal Gylyçdurdyýewa Iris Fossýeniň döredijilik tilsimine mahsus minimallygy belledi, ol eseriň mazmunyna düşünmekligiň çägini giňeldýär.

Art-bazaryň meýletini Gulýa Gurbanowa Irisiň gözellige düşünmegiň adaty çägini giňeltmäge, töweregimizdäki zatlaryň we wakalaryň köpgyraňlylygyny hem-de göze ilýän ýaşyryn manysyny duýmaga mümkinçilik berýän zehinine haýran galýandygyny nygtady.

Realist-nakgaş Gülnäz Rozygulowa fransiýaly myhmana dünýä özüniň täzeçillik garaýşy bilen bakmaga döreden mümkinçiligi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gazaly Keselliler Ankara Getirildi
Nigeriýada Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodda Partlama Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Bu gezek ýeňiş gazanmak başartmady