7-nji iýulda Fransiýada möhletinden öň geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerine görä, Žan-Lýuk Melanşonyň çepçi partiýalar topary “Täze halk fronty” birinji boldy. Ikinji orny Emmanuel Makronyň, üçünji ýeri Marin Le Pen bilen Žordan Bardellanyň “Milli bileleşigi” eýeledi.
Şeýlelikde “Täze halk fronty” 184-186 aralygynda mandata eýe bolar.Fransiýanyň Prezidentiniň blogyndan 160-162 deputat parlamente girer. “Milli bileleşik” partiýasy parlamentdäki orunlaryň 141-143-sini alar. Şeýlelikde partiýalaryň hiç biri hökümet gurmak üçin ýeterlik bolan sesi alyp bilmedi.
Aşaky palatada 577 orun bolup, bir syýasy partiýa ýa-da bileleşik ýekelikde hökümeti düzmek üçin parlamentde absolýut köplüge eýe bolmaly.
30-njy iýunda geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyrynda sagçy “Milli bileleşik” partiýasy ynamly ýeňiş gazanypdy. Makronyň partiýasy diňe üçünji orny eýeläpdi. Bilermenler soňky saýlawda hem şeýleräk netijä garaşýardylar.