Ýerli "La Marseillaise" gazediniň habar bermegine görä, Marselde 1-nji iýulyň 2-nji iýula geçýän gijesi protest geçirilýän mahaly 27 ýaşyndaky bir adam, döşüne plastik okuň degmegi netijesinde ýogaldy.
Marseliň prokuraturasy waka bilen baglanşykly "Öldüriji bir jisimiň degmegi netijesinde bir adamyň ýogalmagy" sebäpli derňew işini başlatdy.
Prokuratura tarapyndan berilen habara görä, ady agzalan adama plastik okuň nirede degendigi entek doly ýagdaýda anyklanmady.
Şol gije sebitde protest aksiýalary we talaňçylyk wakalary başdan geçirilsede, ýogalan adamyň şolara gatnaşyp-gatnaşmandygy entek anyklanmady.
Beýleki tarapdan Prezident Emmanuel Makron, Nael M. atly ulag sürüjisiniň polisiýa işgäriniň okunyň degmegi netijesinde ýogalmagyndan soň başlan protestlerde iş alyp barýan sebitlerine ýaramaz täsir ýeten häkimler bilen Ýeliseý köşgünde duşuşyk geçirdi.
Içeri işler ministri Jerald Darmanin hem Milli mejlisde beren beýanatynda, protest aksiýalarynda göz tussaglygyna alynan 4 müň adamyň 10 göterimden hem azynyň daşary ýurtlardan ybaratdygyny mälim etdi.
Adalat ministri Erik Dýupon Moretti protestleriň çäginde göz tussaglygyna alynan adamlaryň 350-siniň tussag edilendigini habar berdi.
Fransiýada gazaply protest aksiýalar:
Fransuz polisiýa gullugynyň işgäri 27-nji iýunda Nanter şäherinde içinde 3 adam bolan bir ulaga ot açypdy, wakada 17 ýaşyndaky ulagyň sürüjisi Nael M-ni öldüripdi.
Naeliň öldürilmegine nägilelik bildiren protestçiler, ýurt derejesinde tapawutly şäherlerde köçä çykyp polisiýa işgärleri bilen çaknyşmaga başlapdy.
Mundan başgada Pariž, Marsel, Lion bilen birlikde ýurduň ençeme şäherinde geçirilýän protestlerde talaňçylyk we ogurlyk wakalary başdan geçirilipdi, 10-a golaý şäherde ýerli wagt bilen sagat 21:00-dan başlap köçä çykmak gadagan edilipdi.