Fransiýadaky protestler dowam edýär

Fransiýadaky protestler dowam edýär

Fransiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä häzirki wagta çenli paýtagt Parižiň töwereginde ýene-de 17 adam göz tussaglygyna alyndy.

Fransuz işewür adamlar we senagatçylar jemgyýetiniň başlygy Žoffrua Ru de Bezýe protestleriň 1 milliartdan gowrak zyýanyň çekilmegine sebäp bolandygyny habar berdi.

Fransiýanyň polisiýa işgärleri 27-nji iýunda Nanter şäherinde içinde 3 adam bolan ulaga ot açypdy, ulagyň 17 ýaşyndaky sürüjisi Nael M. wakada ýogalypdy.

Nael M atly ýetginjegiň öldürilmegine nägilelik bildiren adamlar ýurguň tapawutly şäherlerinde köçä çykyp polisiýa işgärleri bilen çaknyşmaga başlapdylar.

Ýetginjegi öldüren polisiýa işgäri wezipesinden çetleşdirildi we tussaglykda saklanmagy barada karara gelindi.

Mundan başgada Pariž, Marsel, Lion bilen birlikde ýurduň ençeme şäherinde geçirilýän protestlerde talaňçylyk we ogurlyk wakalary başdan geçirilipdi, 10-a golaý şäherde ýerli wagt bilen sagat 21:00-dan başlap köçä çykmak gadagan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Fransiýada polisiýa işgäriniň bir ýetginjegi öldürmeginden soň başlan protestler dowam edýär
“Le Klassikde” ýeňiş parižlileriň tarapynda boldy
Parižlilere bu gezek ýeňiş gazanmak kyn düşmedi
Pons ilkinji kometasyny açýar
Süleýman Tursunbaýewiň ölüm tragediýasyndan dört ýyl geçdi, ölümiň resmi sebäbi mälim edilmedi
Ysraýylly Esgerler, Palestinaly Ýetginjegi Öldürdi