Fransiýadaky protestler dowam edýär

Fransiýadaky protestler dowam edýär

Fransiýanyň Polisiýa gullygy eýýäm 5 gün bäri dowam edýän protestlerde paýtagt Pariž şäheri başda bolmak bilen ýurduň ençeme şäherinde başdan geçirilen talaňçylyk we ogurlyk wakalar sebäpli howpsuzlyk çärelerini artdyrdy.

Günüň dowamynda bolan çaknyşyklar gije wagtlary hem dowam etdi. Protestçiler köp sanda ulagy ýakdy. Wakalara garşy 45 müň polisiýa işgäri we žandarma güýçleri çäre görmäge synanyşýar.

Düýn gije 300-den gowrak protestçi göz tussaglygyna alyndy, şeýlelik bilen göz tussaglygyna alynanlaryň sany 2 müň adamdan geçdi.

Protestleriň öňüni almak boýunça ýeterlik derejede çäre görüp bilmeýän Fransiýanyň hökümeti täze gollanmalary durmuşa geçirmäge taýarlyk görýär.

Fransiýanyň Adalat ministri Erik Dýupon-Noretti protestlere gatnaşýan 17 ýaşdan kiçi çagalaryň ene-atalarynyň jogapkärçilik çekip biljekdigini, 2 ýyl azatlykdan mahrum edilip bilinjekdiklerini ýa-da 30 müň ýewro pul jerimesini çekip biljekdiklerini habar berdi.

Sowutly ulaglar we goşmaça güýçler köçelere çykaryldy. Wakalarda häzirki wagta çenli 1 müň 300-den gowrak ulag ýakyldy, 230-den gowrak bina ýakyldy. Azyndan 30 polisiýa merkezi we 11 Žandarma merkezi hüjüme sezewar galdy. Döwlete degişli 2 müň 560 nokat ýakyldy.

Fransiýadaky wakalaryň gözegçilik astyna alynyp bilinmegi üçin adatdan daşary ýagdaý dolanşygy bilen birlikde ençeme uguryň üstünde durulýar.

Ýurtda gije wagtlary köçä çykmak gadagançylygy girizilen şäherleriň sany 10-a ýetdi.

Beýleki tarapdan Türkiyeden soň indi bolsa Azerbaýjan hem protestleriň dowam edýän Fransiýa syýahat etjek raýatlaryna ýokary derejede ünsli bolmaklary barada duýduryş berdi.

Polisiýa gullugy 27-nji iýunda Nanter şäherinde içinde 3 adam bolan we durmak baradaky duýduryşa gulak asmadyk ulaga ot açypdy, Nael.M atly 17 ýaşyndaky sürüji öldürilipdi.

Waka bilen baglanşykly derňew işi dowam edýärkä, Naeliň ýogalmagyna nägilelik bildiren protestçiler ýurduň tapawutly şäherlerinde köçä çykyp, polisiýa garşy çaknyşmaga başlady.

Ýene degişli makalalar

Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Fransiýada polisiýa işgäriniň bir ýetginjegi öldürmeginden soň başlan protestler dowam edýär
Fransiýadaky protestler dowam edýär
Ýylyň jemleri 2024: Syýasy üzňelik, dymyşlyk we doňaklyk ýadawlygy özgeriş teşneligi bilen ýugruldy
Türkmen häkimiýetleri Mansur Mingelowyň boşadylmagyna garamagy wada berdiler
Türkmenbaşyda ýüzlerçe adam azyk gytçylygyna garşy proteste çykdy