Fransiýadaky protestler dowam edýär

Fransiýadaky protestler dowam edýär

Fransiýada 27-nji iýunda Parižiň Nanter atly şäherinde 17 ýaşyndaky ýaş oglanyň ýol gözegçilik geçirilýän mahaly polisiýa işgärleriniň ot açmagy netijesinde öldürilmeginden soň başlan protestler, düýn gije hem dowam etdi.

Bolan wakalarda 667 adam göz tussaglygyna alyndy.

Resmileriň parasatly bolmak baradaky çagyryşlaryna we tertip-düzgüniň ýola goýuljakdygy baradaky beýannamalaryna garamazdan, Parižde we ýurduň beýleki şäherlerinde aşa hereketler we talaňçylyk wakalary başdan geçirildi.

Köçelerde barýerler guran protestçiler köp sanda ulagy ýakdylar, dükanlary we döwlet emlägine zeper ýetirdiler.

Fransiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, Parižiň 12-nji zolagynda protestçiler polisiýa merkezine feýerwerkler bilen hüjüm guradylar.

Parižiň Oberwilýe şäherinde hem 12 awtobus ýakyldy, Reýms şäherinde polisiýa merkezleriniň birini talan protestçiler, merkezdäki polisiýa işgärleriniň ýörite egin-eşiklerini ogurladylar.

Lill şäheriniň Wazemmes etrapçasyndaky häkimlik binasynyň bir bölegi ýakyldy, Rubedäki çagyryş merkeziniň binasy bolsa dolulygyna ýakyldy.

Içeri işler ministri Jerald Darmanin Twitter hasabyndan beren beýanatynda düýn gije 667 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim edipdi.

Jerald Darmanin düýn beren beýanatynda wakalaryň öňüni almak üçin 5-müňi Parižde bolmak bilen jemi 40 müň Žandarma we Polisiýa işgäriniň ygtyýarlandyrylandygyny aýan etdi.

Esasan hem terrora we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşde iş alyp barýan RAID atly ýörite polisiýa topary, Lill, Rube we Bordo şäherlerinde iş alyp bardy.

Protestler sebäpli Parižiň Nanter, Klarama we Sawini-le-Templ diýilýän ýerler bilen birlikde Neýi-sýur-Marn şäheriniň 3 etrapçasynda gije köçä çykmak gadagan edildi.

Polisiýa gullugy 27-nji iýunda Nanter şäherinde içinde 3 adam bolan we durmak baradaky duýduryşa gulak asmadyk ulaga ot açypdy, Nael.M atly 17 ýaşyndaky sürüji öldürilipdi.

Waka bilen baglanşykly derňew işi dowam edýärkä, Naeliň ýogalmagyna nägilelik bildiren protestçiler ýurduň tapawutly şäherlerinde köçä çykyp, polisiýa garşy çaknyşmaga başlady.

Ýene degişli makalalar

Germaniýadan deportasiýa edilýänleriň sany artýar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamalar BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi
18-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň aýdymçy ýaşlaryny sylaglady
Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamalar BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi
BMG Gar barsynyň halkara gününi döretdi