Fransiýada surata düşürilip başlanan iki bölümli “Üç muşketýor” (Les Trois Mousquetaires) kinolentasynyň prodýuserleri Aleksandr Dýumanyň adybir romanynyň täze kinowersiýasynyň döredilmegine tas 70 mln ýewro sarp etmegi göz öňünde tutýarlar. Kartina diňe bir fransuz kinematografynyň taryhynda iň gymmatlaryň birine öwrülmegi däl-de, eýsem tomaşaçylar üçin köp sanly garaşylmadyk sowgatlaryň bolmagyny wada berýär.
Režissýor Marten Burbulon Parižiň diňini gurujy barada “Eýfel” (Eiffel, 2021) biografik filmini tamamlan badyna, bu lentanyň üstünde işlemäge başlady. Režissýor hem, prodýuser Dmitriý Rassam hem dini uruşlar eýýamynyň söýgüsinden, başdan geçirmelerinden we köşk intrigalaryndan doly filmi döretmek isleýändiklerini aýtdylar. Bu barada TASS habar berýär.
“D’Artanýan” (Les Trois Mousquetaires: D’Artagnan) we “Miledi” (Les Trois Mousquetaires: Milady) bölümlerinden ybarat bolan filmiň surata düşürilişi 2022-nji ýylyň maý aýynda tamamlanar. Premýera 2023-nji ýylda bolar. Eger iki bölüm şowly çyksa, Burbulon “Ýigrimi ýyldan soň” we “Wikont de Braželon” romanlaryny ekranlaşdyryp, filmiň dowamyny surata düşürmäge wada berýär.
Aktýorlar 135 surata düşüriliş gününiň diňe birini pawilýonda geçirerler. Galan ähli düşürmeler tebigy bezeglerde bolar. Surata düşürmek üçin meýdançalar hökmünde Plewnondaky Goýon gaýasynyň galasy, Pluadaky Bonapart kenary, Sen-Malodaky fort we Kompýendäki köşk saýlandy. Paýtagtda filmiň möhüm epizodlary Maýyplar öýünde we Luwrda, Parižiň golaýynda bolsa Şantiýi we Fontenblo galalarynda surata düşüriler.